Basketbol — ýokary hereket işjeňligini, çalt karar kabul etmegi we toparlaýyn sazlaşygy talap edýän sport görnüşleriniň biridir. Bu oýnuň özboluşlylygy beden çalasynlygy bilen taktiki pikirlenişiň aýrylmaz baglanyşygynda ýüze çykýar. Meýdançadaky her bir hereket fiziki taýýarlygyň, ünsüň we ýagdaýy dessine seljermek ukybynyň utgaşmagyny talap edýär. Şonuň üçin basketbol diňe bir güýç we tizlik bäsleşigi bolman, eýsem, paýhasyň, ussatlygyň we erkiň synagydyr. Bu aýratynlyklar onuň ýaşlar üçin özüne çekijiligini artdyryp, sporta bolan höwesiň kemala gelmegine täsir edýär.
Basketbol — çalasyn hereketiň we ýiti paýhasyň sazlaşygy
Basketbolyň esasy aýratynlygy hereketleriň çaltlygy bilen taktiki çözgütleriň takyklygynyň utgaşmagyndadyr. Meýdançada her biri 5 oýunçydan ybarat iki toparyň bäsleşmegi, hüjüm bilen goranyşyň yzygiderli çalyşmagy we oýun ýagdaýynyň sähel salymda üýtgemegi türgenlerden ýokary derejeli fiziki hem-de akyl taýýarlygyny talap edýär.
Sport fiziologiýasy nukdaýnazaryndan, basketbol bilen yzygiderli meşgullanmak çalasynlygy, çydamlylygy, hereketleriň sazlaşygyny we giňişlikde ugrukmak ukybyny ösdürmäge ýardam berýär. Oýunçy topy alyp barýan, garşydaşyndan sowlup geçýän ýa-da sebede zyňýan pursadynda diňe bir beden hereketlerini dolandyrman, eýsem, ýagdaýy seljerýär, mümkinçilikleri deňeşdirýär we netijeli çözgüt saýlaýar. Şeýlelikde, beden çalasynlygy taktiki pikirlenişiň iş ýüzündäki beýanyna öwrülýär.
Basketbol ýaşlaryň beden işjeňligini we taktiki pikirlenişini ösdürýär
Basketbolyň ýaşlarda sporta höwes döretmekdäki ähmiýeti onuň hereketlere baýlygy, bäsleşik joşguny we özbaşdak çözgüt kabul etmäge mümkinçilik berýän aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Üstünlikli ýerine ýetirilen her bir hereket, takyk zyňylan top ýa-da ýerlikli guralan hüjüm ýaşlaryň öz güýjüne bolan ynamyny berkidip, täze üstünliklere ymtylmagyna itergi berýär.
Mekdeplerde we sport merkezlerinde basketbol gurnaklarynyň işini ösdürmek, ýaryşlary guramak hem-de ýaş aýratynlyklaryna laýyk türgenleşikleri geçirmek beden işjeňligini ýokarlandyrmaga, taktiki başarnyklary kämilleşdirmäge we sporta durnukly gyzyklanma döretmäge ýardam edýär. Bu ýerde esasy maksat diňe bir ýaşlary oýnuň düzgünlerine öwretmek däl, eýsem, olarda çalt pikirlenmek, dogry çözgüt kabul etmek we öz mümkinçiliklerine ynanmak endiklerini ösdürmekdir.
Basketbol: Üstünligiň binýady — çalasynlyk, paýhaslylyk we jebislik
Basketbolda üstünligiň esasy şertleri beden çalasynlygy, taktiki pikirleniş we toparlaýyn jebislikdir. Bu häsiýetleriň özara utgaşmagy oýunçylaryň şahsy başarnyklaryny umumy maksada gönükdirip, ýeňiş gazanmaga mümkinçilik döredýär. Çalasynlyk oýunça üýtgeýän ýagdaýlara dessine uýgunlaşmaga, paýhaslylyk oýnuň gidişine dogry baha berip, netijeli taktiki çözgütleri kabul etmäge, jebislik bolsa her bir oýunçynyň başarnygyny toparyň umumy üstünligine gönükdirmäge ýardam edýär.
Basketbolyň terbiýeçilik ähmiýeti hem şu üç häsiýetiň sazlaşygynda aýdyň ýüze çykýar. Toparlaýyn türgenleşikler we ýaryşlar ýaşlarda çalt pikirlenmek, oýlanyşykly karar kabul etmek, özara ynanyşmak we jogapkärçilik duýgusyny ösdürýär. Meýdançada gazanylýan üstünlik diňe bir aýratyn oýunçynyň ussatlygyna däl, eýsem, tutuş toparyň sazlaşykly hereketine, agzybirligine we umumy maksada ýetmek ugrundaky tagallalaryna baglydyr.
Basketbolyň hakyky gymmaty beden çalasynlygyny taktiki paýhaslylyk, şahsy ussatlygy bolsa toparlaýyn jebislik bilen utgaşdyrmagyndadyr. Şonuň üçin ýaşlarda bu sporta bolan höwesi artdyrmak diňe bir olaryň beden taýýarlygyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, çalasyn, paýhasly, erjel we agzybir ýaş nesli terbiýelemäge hem ýardam edýär.
Alekseý Zaplatnyý,
Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň
basketbol boýunça tälimçisi.



