Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzda her bir günümiz toýdur baýramlara ulaşýar. Halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan ahalteke bedewleri ata Watanymyzda toýlarymyzyň bezegidir. Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň derejesinde ägirt uly açyşlary eden, kämilligiň beýik nusgasyny jahana peşgeş beren türkmen halky çydamly, wepaly, ýyndam bedew atlaryň saýlama tohumlaryny hem döredipdir. Ahalteke bedewlerimiz bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň alamatyna öwrüldi.

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda kämillige ýeten türkmeniň seýisçilik mekdebinde atlaryň döreýşi, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenişi, ýöreýşi, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylýan dermanlardyr emleriň görnüşleri, taýýarlanylyşy we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklaryň ählisi jemlenendir. Seýisçilik käri irginsiz zähmeti, hamraklygy, aladaçyllygy, synçylygy, duýgurlygy, ýiti zehini we inçeligi talap edýär. Ata-babalarymyz asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny saklamak üçin-de içgin aladalanypdyrlar. Onuň ata-ene tarapynyň ýedi arkasynyň arassa ganlylygy berk yzarlanypdyr. Asyl ganly tohum atlar gözüň göreji ýaly aýalypdyr. Olaryň iýmitlenişi beýleki atlardan tapawutly bolup, diňe körpe ýorunja, kölegede guradylan bede, arpa, käşir, gant, kişmiş, ýumurtga bilen bellenilen tertipde, belli bir möçberde gadymdan gelýän kada-dessur boýunça diňe bir adam, ýagny seýis tarapyndan iýmitlendirilipdir.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe deňi-taýy bolmadyk bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Türkmen bedewiniň baýramynyň her ýyl döwlet derejesinde bellenilmegi olar baradaky uly aladadan nyşandyr. Atçylygy ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi bolsa ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da beýgeldýär.
NEPESOWA OGULBIBI
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



