Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylyň özboluşly many-mazmuny, ruhy beýany we halkyň kalbynda döredýän täsirli alamaty bolýar. Täze başlanýan döwür hem ýurdumyzyň ösüş ýolunda nobatdaky möhüm tapgyry alamatlandyryp, halkymyzyň geljege bolan ynamyny, beýik maksatlaryny we asylly niýetlerini özünde jemleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy döwletiň ösüş filosofiýasynyň, halkyň ruhy güýjüniň we geljege bolan uly umytlarynyň aýdyň beýanydyr.
Bedew at türkmen halkynyň taryhynda, medeniýetinde we ruhy dünýäsinde aýratyn orny eýeleýär. Ol diňe bir gözelligiň nyşany bolman, eýsem ýyndamlygyň, batyrlygyň, maksada okgunly ymtylyşyň alamaty hökmünde kabul edilýär. Şonuň ýaly hem, häzirki döwrümizde ýurdumyzyň ösüş bady, alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler, ykdysady we jemgyýetçilik ugurlaryndaky öňegidişlik bedew batly atyň bady bilen deňeşdirilýär. Bu ösüşler halkyň zähmeti, jebisligi we döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler bilen berk baglanyşyklydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary, bilim, ylym, saglygy goraýyş, oba hojalygy we senagat ugurlarynda gazanylýan üstünlikler ädimme-ädim hasyl bolýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň görk-görmegi özgerýär, döwrebap desgalaryň sany artýar, ýaş nesliň bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki döwürde ýaşlaryň orny aýratyn bellärliklidir. Sebäbi ösüşiň dowamlylygy, Watanyň geljegi olaryň bilimine, zähmetine we watansöýüjiligine baglydyr. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, täze tehnologiýalary özleşdirmegi, milli gymmatlyklary hormatlamagy we dünýä bilen bäsleşip bilýän hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu bolsa ösüş ýolunda ynamly öňe gitmegiň berk binýadydyr.
Zähmet — ähli üstünlikleriň açarydyr. Oba hojalygynda bolsun, senagatda bolsun ýa-da hyzmatlar ulgamynda bolsun, her bir raýatyň halal zähmeti umumy ösüşe goşulýan gymmatly goşantdyr. Zähmetiň gadyr-gymmatynyň ýokarlanmagy, işgärler üçin döredilýän sosial şertler, täze iş orunlarynyň açylmagy halkyň ertire bolan ynamyny has-da berkidýär. Hut şu ynam ösüşiň badyny güýçlendirip, maksada ýetmegiň ýoluny has aýdyň edýär.
2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar, öňde goýlan maksatlara batly ädimler bilen ýetmäge çagyrýar. Bu at her bir raýatyň kalbynda watansöýüjilik duýgusyny güýçlendirip, agzybirlikde, jebislikde zähmet çekmegiň möhümdigini ýatladýar.
Täze ýylyň ruhy bize bir hakykaty ýene bir gezek ýatladýar: ösüş diňe bir ykdysady görkezijiler bilen däl, eýsem adamyň ruhy güýji, watana bolan söýgüsi we geljege bolan ynamy bilen ölçelýär. Şeýle ruh bilen öňe barýan Watanymyzyň ösüş ýoly hemişe batly, geljegi bolsa hemişe ýagty boljakdygyna ynamymyz tükeniksizdir.
Iskanderowa Amangül,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi



