Ejeler
Bu dünýä getirip, bagryna basan,
Biz size baş egýäs, eziz ejeler.
«Balam» sözi bilen boýnuna asan,
Uzak ýaş dileýäs, eziz ejeler.
Ak süýt berip, perzendini ulaldan,
Ençeme ukusyz geçen gijeler.
Her ýatamyzda «Allaan-allaan»,
Diýip, bize hüwdi aýdan ejeler.
Çagakak aglasak, sypap goýduran,
Günde çaý-nahardan bizi doýuran,
Ir bilen «Tur balam» diýip oýaran,
Hemişe minnetdar size ejeler.
Eje barka, hemmä durmuş başgaça,
Her kime kalbyndan söýgi eçiler.
Bolar, bilşimizden has-da hem aşa.
Söýgi-mähir doly eziz ejeler.
Derdimiz bar bolsa, ol derrew aňar,
«Näme bolýar» diýip, soraga daňar.
Sözümiz göwne jaý bolmasa eger,
Ýene, bir pikire çümer ejeler.
Ejedir, dünýäniň iň ajap görki,
Aragatnaşygyň iň wajyp berki,
Biziň ömrümizde uludyr erki,
Näçe beýan etsek, azdyr ejeler.
Begli Hangeldiýew,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň
20-nji orta mekdebiniň okuwçysy.