Hökman
Eger günäsize bolsaňyz duşman,
Durmuş şarpygyndan iýersiň bir gün.
Soňra ömürboýy bolarsyň puşman,
Ine, şu barada bilip goý hökman.
Halal gazan, halal ýaşa elmydam,
Gezniň haramlyga gözüňi dikmän.
Ynha, şeýdip öňe basarsyň gadam,
Diňe halalyňy saklanyň hökman.
Uly-kiçä sylag-hormatyň galdyr,
Bularam sylasa çyzykdan çykman.
Şeýdip, ile diňe özüňi aldyr,
Sylag-hormatyňy ýitirme hökman.
Özüňden ejizi aglatmanyň hiç,
Güýjüm ýetýär diýip, daýanyp ýykmaň.
Haçan bolsa bir gün, ökünersiň giç,
Muny saňa Hudaý görkezer hökman.
Dünýä baky gelen bolmaz hiç-haçan,
Ýokdur ähli ýerde ölümden gaçan.
Isle sen şa bolaý, ýa isle geda,
Ajal bir gün tutar ýakaňdan hökman.
Begli Hangeldiýew,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň
20-nji orta mekdebiniň okuwçysy.