Pul we baýlyk
Puluň hemme zady çözer diýýänlere,
«Ýalňyşýandyklaryny» aýdasym gelýär.
Men baý diýip, hemişe aýnaýanlara,
Bir gün «Büdrejegini» diýesim gelýär.
Eger pul, hemme zady çözýän bolsady,
Merhumlarymyz gara ýerde ýatmazdy.
Hem-de ençä gelse ajal, wagty dolup,
Ýakynlarymyz bu dünýäden ötmezdi.
Saglykdyr ynsanyň iň uly baýlygy.
Sebäbi her kişini kesel ýykmazdy.
Müňläp, million peýda bolsa mülkünden,
Söýenlerimiz hassa bolup ýatmazdy.
Hemme adam aldyrmaz pul bilen satyn,
Diňe bolar namardy, pulsuz awunýan.
Dogry kişi diýr meni: «Aldamarsyň hiç»,
Şeýle ynsan bardyga diýseň guwanýan.
Agzybir maşgalada pula durmaýar,
Pula gelen dost-ýaram mydam galmaýar.
Bilip bolmaz duýdansyz düşäýseň pese,
Seni taşlap gider, ýüregiňi kese.
Ýöne pulam, baýlygam erbet zat däldir,
Halal bolsaňyz mümkin bolmaz zyýanam.
Emma hemme ýerde «Göterinmek gerek»,
Diňe şudur sizlere diýjek bolýanym.
Begli Hangeldiýew,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň
20-nji orta mekdebiniň okuwçysy.