Bitaraplyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň nyşanydyr. Bitaraplyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Watanymyzyň Bitaraplygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.
Bitaraplyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Ösüşlere beslenen Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Bitaraplyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.
Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly tutumly toýlara beslensin!
ARBAPOW SERDAR
Türkmen Oba hojalyk institutynyň
Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy