Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby türkmen döwletiniň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezýän, uly ylmy-syýasy ähmiýete eýe bolan gymmatly eserdir. Bu kitap Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň taryhy köklerini, häzirki döwürdeki ornuny hem-de geljek üçin ähmiýetini giňişleýin beýan edýär.
Eserde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň taryhy ähmiýeti aýratyn bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygyň diňe bir halkara hukuk derejesi bolman, eýsem türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we ynanyşmaga esaslanýan durmuş ýörelgesiniň dowamydygyny nygtaýar. Bu düşünje halkymyzyň milli häsiýetinden, däp-dessurlaryndan we ruhy gymmatlyklaryndan gözbaş alýar.
Kitapda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine daýanmak bilen halkara gatnaşyklarynda alyp barýan işjeň syýasaty giňden açylyp görkezilýär. Watanymyzyň dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlyk etmegi, halkara başlangyçlary öňe sürmegi parahatçylygy berkitmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, dialog, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk häzirki döwrüň iň möhüm zerurlyklarydyr.
Eserde sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly möhüm meseleler hem giňişleýin beýan edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen halkara gün tertipleri, parahatçylykly gepleşikler we ynanyşmaga esaslanýan syýasy çemeleşmeler ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterýär.
Bu kitap ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Eser ýaşlary Watanymyza söýgi bilen garamaga, parahatçylygyň gymmatyna düşünmäge, halkara gatnaşyklaryna giň dünýägaraýyş bilen baha bermäge çagyrýar. Şeýle hem kitap bilim edaralarynda, jemgyýetçilik çärelerinde, ylmy we syýasy ugurda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.
“Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly eser hormatly Prezidentimiziň döwlet paýhasyny, öňdengörüjilikli syýasatyny we halkyň bagtyýar geljegine bolan ynamyny açyp görkezýär. Bu kitap Türkmenistanyň parahatçylykly ösüş ýolunyň mizemez, ynsanperwer we adalatly ýörelgelere esaslanýandygyny aýdyň subut edýär.
Bu eser türkmen Bitaraplygynyň diňe şu günüň däl, eýsem geljek nesilleriň hem parahatçylykda, agzybirlikde ýaşamagy üçin berk binýat bolup durýandygyny görkezýän gymmatly çeşmedir.
Mähri Orazowa,
Daşoguz welaýatynyň Gorogly etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri


