Lebap welaýatynda 2026-njy ýylda ýazlyk ýeralma we sogan ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Welaýat boýunça 1 müň 400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Her gektardan 140 sentner hasyl almagy maksat edinýän babadaýhanlar häzirki wagtda ekinlere talabalaýyk ideg edip, suwarmak, hatarara bejergilerini geçirmek hem-de organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Bu bolsa bol hasylyň esasy şertleriniň biridir.
Çärjew etrabynda ýazky möwsümde 380 gektar ýerde ýeralma ekilip, ondan 5 müň 320 tonna, Dänew etrabynda bolsa 300 gektar meýdandan 4 müň 200 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Saýat we Kerki etraplarynda degişlilikde 200 we 150 gektar ýerde ýeralma ösdürilip, ondan 2 müň 800 hem-de 2 müň 100 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Bu görkeziji welaýatda oba hojalygynyň depginli ösýändigini görkezýär.
Mundan başga-da, welaýat boýunça şu ýyl 900 gektar ýerde ýazlyk sogan ekilip, möwsümde 22 müň 500 tonna sogan öndürmek maksat edinilýär. Döwletli hem-de Çärjew etraplarynyň gök ekerançylary hem bu ugurda netijeli zähmet çekýärler. Döwletli etrabynda 260 gektar ýerde sogan ösdürilip, ondan 6 müň 500 tonna, Çärjew etrabynda bolsa 250 gektar meýdandan 6 müň 250 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şeýle netijeler oba hojalyk önümçiliginiň ýylsaýyn artýandygyny aýdyň görkezýär.
Bol hasyl almak diňe bir oba hojalygynyň ösüşi üçin däl, eýsem ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Azyk önümleriniň öndürilişiniň artmagy içerki bazarlarda bolçulygy döredýär, ilatyň täze gök önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrýar we bazar nyrhlarynyň durnukly saklanmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle-de bu işler daýhanlaryň girdejileriniň artmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de oba ýerleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine giň mümkinçilik açýar.
Soňky ýyllarda oba hojalygynda häzirki zaman agrotehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy ýokary netijeleri üpjün edýär. Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we dökünleri ylmy esasda ulanmak arkaly ýokary hasyl almak mümkin bolýar. Bu bolsa öndürilýän önümleriň mukdaryny we hilini ýokarlandyryp, ýurduň ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Lebap welaýatynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň alyp barýan tutanýerli işleri geljekde hem bol we bereketli hasyllaryň alynjakdygyna uly ynam döredýär.
Orazmedowa Jemal
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby


