Bonsaý – bu agaçlary kiçeldilen (miniýatýura) görnüşinde, tabaklarda ösdürip ýetişdirmek sungaty. “Bonsaý” – hytaý dilindäki “pen-tsaý” sözi bolup, “mejmelerde ösdürilen” (hati-no-ki) diýen manyny aňladýar. Ol b. e. öňki 231-nji ýylda Hytaýda sungat görnüşinde döräpdir. Ýaponiýada Tokugawa döwründe seýilgählerde tokaý we bezeg agaçlaryndan azalyýany we kerkawlary bonsaý usulynda ösdürip ýetişdiripdirler.
Häzirki günde bonsaý usulynda agaçlary, ösümlikleri ýetişdirmek üçin adaty agaçlar alynýar. Olaryň kiçi görnüşlerde bolmaklygynyň sebäbi köki, baldaklary birnäçe gezek kesilip gysgaldylýär. Häzirki günde bonsaýyň: Týokkan(Chokkan), Moýogi (Moyogi), Sokan (Sokan), Sýakan (Shakan), Kengaý (Kengai), Han-Kengaý (Han-Kengai), Budzingi (Bunjingi), Sekidzýodzýu (Sekijoju), Isidzuki (Ishitsuki), Hokidati (Hokidachi), Ýose Ue(Youse-Ue), Ikadabuki (Ikadabuki) ýaly görnüşlei bar.
Bonsaý döretmekde şahalary kesmek, olaryň göwrümini gysgaltmak esasy çäreleriň biri hasaplanylýar. Bonsaýda şahalary kesmegiň şu usullary tapawutlanýar: esasy sütüni emele getirmek, artykmaç şahalary kesip aýyrmak, şahalary gysgaltmak arkaly ösüşini sazlamak, pudaklary gyrkmak bilen şekil ýasamak, pudaklaryň öserini çyrpmak arkaly ösüşi saklamak, ýapraklary ýolmak arkaly telpekligi üýtgetmek, köklerini kesmek bilen başga kök ulgamy döretmek.
Arazgül Mamytowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby