Antropologiýa näme?
Antropologiýa adamyň gelip çykyşy we ösüşi, jemgyýetdäki özüni alyp barş kadalary, medeni we tebigy gurşawda barlygy öwrenýän ylymdyr. Jemgyýetçilik ylymlarynyň we tebigy ylymlaryň çatrygynda durmak bilen, antropologiýa adam biologiýasy, adamyň özüni alyp barşy, lingwistika, medeniýet we jemgyýet ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar. Gadymy grek, gadymy rim we orta asyr alymlary tarapyndan ýazylan käbir eserleri antropologiki ýa-da proto-antropologiki diýip hasaplamak mümkin bolsa-da, häzirki zaman antropologiýasy aň-bilim döwründe ýüze çykyp başlady.
Antropologiýa gelip çykyşy
Ilkinji esasy antropologiki traktatlaryň biri bolan “Pragmatiki nukdaýnazardan antropologiýa” nemes filosofy Immanuel Kant tarapyndan ýazylyp, 1798-nji ýylda neşir edildi. Häzirki zaman antropologiýasy okuw we amaly ugurlara baglylykda köp şahalara we kiçi derslere bölünýär. Bularyň arasynda sosial antropologiýa, medeni antropologiýa, lingwistik antropologiýa, biologiki (fiziki) antropologiýa, ykdysady antropologiýa, amaly antropologiýa, lukmançylyk antropologiýasy, syýasy antropologiýa, arheologiki antropologiýa, hukuk antropologiýasy, ekologiýa antropologiýasy, sanly antropologiýa we başgalar bar.
Bütindünýä antropologiýa güni
Bütindünýä antropologiýa güni ABŞ-da ýerleşýän antropologiýa alymlarynyň guramasy bolan Amerikan Antropologiýa Assosiasiýasy (AAA) tarapyndan 2015-nji ýylda döredildi. Ilkibaşda Milli Antropologiýa güni diýlip atlandyryldy, indiki ýylynda halkara derejesinde kabul edildi. Çünki AAA antropologiýanyň diňe bir ýurt däl-de, bütin dünýä üçin möhümdigine ynanýardy. Fewral aýynyň her üçünji penşenbesinde bellenilýän Bütindünýä Antropologiýa güni, iň möhüm ylymlaryň birine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge çagyrylýar. Bütindünýä antropologiýa gününi bellemegiň çäginde AAA we dünýäniň beýleki antropologiki guramalary, şeýle hem mekdepler, uniwersitetler, muzeýler we beýleki gyzyklanýan taraplar köpçülikleýin leksiýalary, seminarlary we webinarlary, diskussiýalary, gepleşikleri, meşhur antropologlar bilen duşuşyklary, seminarlary, antropologiýa we onuň ähmiýeti barada bilim bermeklige gönükdirilen çärelerI gurnaýarlar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby