Bütindünýä azyk howpsuzlygynyň güni 2019-njy ýyldan bäri her ýylyň 7-nji iýunynda bellenilip geçilýär. Bu senäniň maksady, diňe bir dünýäniň käbir sebitlerinde açlyk meselesini ýeňip geçmek bilen çäklenmän, sagdyn durmuş ýörelgelerine, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
2016-njy ýylyň dekabrynda «Kodeks Alimentarius» toparynyň 39-njy mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde Bütindünýä azyk howpsuzlygynyň gününi hemişelik esasda yglan etmek teklibini goldamak barada biragyzdan karar kabul edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2018-nji ýylda dürli ýaşdaky adamlara, esasanam 5 ýaşa çenli çagalara we pes girdejili ýurtlarda ýaşaýan adamlara täsir edýän iýmit bilen baglanyşykly keselleriň dünýädäki agyrlygyny ykrar edip, her ýyl 7-nji iýunda Bütindünýä azyk howpsuzlygynyň gününiň geçiriljekdigini habar berdi. 2020-nji ýylda Bütindünýä Saglyk Assambleýasy azyk bilen baglanyşykly keselleriň agramyny azaltmak üçin azyk howpsuzlygy tagallalaryny güýçlendirmek kararyna geldi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy, agza döwletler we beýleki degişli guramalar bilen bilelikde Bütindünýä azyk howpsuzlygynyň gününi bilelikde wagyz edýärler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby