Her ýylyň oktýabr aýynyň birinji duşenbesinde binagärleriň hünär baýramçylygy bolan Bütindünýä binagärlik güni bellenilýär. Şeýle-de bolsa, ol diňe bir tassyklanan binagärler tarapyndan däl, eýsem binagärlik eserlerini bilýänler tarapyndan hem bellenilip geçilýär. Bütindünýä binagärlik güni, Halkara binagärler bileleşigi (UIA) tarapyndan 1985-nji ýylda döredildi. Iýul aýynyň ilkinji duşenbesi dynç alyş güni hökmünde saýlandy. Emma 1996-njy ýylda UIA-nyň 20-nji Baş Assambleýasy geçirilmegi bilen, dynç alşy BMG-niň halkara günler ulgamynda bellenilýän Bütindünýä Habitat gününiň hormatyna oktýabr aýynyň birinji duşenbesine geçirmek kararyna gelindi. Her ýyl baýramçylygyň mowzugy binagärler bilen baglanyşykly saýlanýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda Bütindünýä binagärlik güni mynasybetli, UIA-nyň kömegi bilen binagärleriň bilimlerini we tejribelerini paýlaşyp, meseleleriň çözülmegine gatnaşyp biljek binalaryň we desgalaryň gurluşygy we dikeldilmegi bilen baglanyşykly forumlar, maglumatlar we konferensiýalar guralýar. Binagärligi halaýanlar hem bir gapdalda durmaýarlar. Baýramçylyk mynasybetli olar üçin hem dürli sergiler we gezelençler gurnalýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby