Her ýyl apreliň soňky şenbesinde dünýäniň köp ýurtlary weterinar lukmanlarynyň işiniň dürli taraplaryny görkezmek we haýwanlaryň saglygyny we hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky goşantlary barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin 2000-nji ýylda Bütindünýä weterinar birleşigi (WVA) tarapyndan döredilen Bütindünýä weterinar lukmanlarynyň gününi belleýärler. Häzirki wagtda iň ynsanperwer hünärleriň eýeleriniň biri bolan weterinarlar öz baýramçylyklaryny belleýärler. Weterinar lukmançylygy ýa-da ýönekeý weterinariýa, haýwan keselleriniň, şikesleriň we näsazlyklaryň öňüni almak, diagnoz goýmak we bejermek bilen meşgullanýan ylym pudagydyr. Fransiýa weterinariýa lukmançylygynyň gelip çykan ýeri hasaplanýar.
XVIII asyrda Lionda haýwanlary bejerýän lukmanlar üçin ilkinji mekdep açyldy. Lýudowik XV tarapyndan köp sanly mallary ýok edýän epidemiýalary duruzmak üçin döredildi. Şeýle-de bolsa, weterinariýa endikleri has ir — adamlar ilkinji öý haýwanlaryny alanda ýüze çykypdyr. Mallar daýhanlar üçin elmydama eziz bolupdyr we olary ideg etmäge synanyşypdyrlar, her dürli betbagtçylyklardan gorapdyrlar, kesellerini ylmy taýdan däl-de, halk usullary bilen bejeripdirler. Weterinariýa hünäri hemişe hormatlanýar. Häzirki wagtda weterinar lukmanlary weterinariýa klinikalarynda, weterinariýa stansiýalarynda, haýwanat baglarynda, oba hojalyk kärhanalarynda, gysgaça aýdylanda, haýwanlara lukmançylyk kömeginiň zerurlygy nirede bolsa zähmet çekýärler.
Hanymjan KURAMBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby