Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol nukdaýnazardan seredilende, çagalar baglary – ýaş nesliň ilkinji bilim we terbiýe ojagy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu mukaddes ojaklarda çagalaryň akyl-paýhasy ösýär, olaryň dünýägaraýşy giňelýär, ahlak gymmatlyklary kemala gelýär.
Çagalar bagy çaganyň durmuş ýolundaky ilkinji möhüm ädimidir. Bu ýerde ol diňe bir ilkinji bilimleri almak bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny öwrenýär, dostluk, hormat goýmak, birek-birege kömek etmek ýaly asylly häsiýetleri özleşdirýär. Şeýle hem çagalaryň özbaşdak pikirlenmegi, döredijilik ukyplarynyň ýüze çykarylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Terbiýeçiler bu mukaddes işiň başynda duran ynsanlardyr. Olar mähir-muhabbet bilen çagalaryň kalbyna ýol tapyp, olaryň her biriniň aýratynlygyny göz öňünde tutup işleýärler. Terbiýeçileriň yhlasly zähmeti netijesinde çagalaryň içki dünýäsi baýlaşýar, olaryň geljege bolan ynamy berkeýär.
Häzirki döwürde çagalar baglarynda döwrebap okuw-terbiýe usullary giňden ornaşdyrylýar. Oýun arkaly öwretmek, interaktiw çäreler, döredijilik sapaklary çagalaryň bilim almaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy çagalaryň täzeçe pikirlenmegine itergi berýär.
Milli gymmatlyklarymyza esaslanýan terbiýe ulgamy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Çagalar baglarynda ene dilimize, halkymyzyň däp-dessurlaryna, edep-terbiýe kadalaryna uly hormat goýulýar. Bu bolsa ýaş nesliň watansöýüji, ruhubelent we ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine giň ýol açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwrebap çagalar baglarynyň gurulmagy, olaryň iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi, çagalaryň bagtyýar ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikler bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleri häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirip, mekdebe çenli bilim ulgamyny täze ösüşlere tarap ynamly alyp barýar. Onuň parasatly ýolbaşçylygynda çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, terbiýeçilik işleriniň mazmuny döwrebaplaşdyrylýar we ýaş nesliň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär
Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar çagalyk döwrüni üpjün etmek, olaryň sagdyn, bilimli we ruhubelent nesiller bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty her bir raýatyň buýsanjyna öwrülýär. Çünki häzirki döwürde döredilýän mümkinçilikler geljekki beýik ösüşleriň berk binýadydyr.
Çagalar bagy – ýaş nesliň ilkinji terbiýe mekdebi hökmünde olaryň durmuşynda aýrylmaz orun eýeleýär. Bu ýerde alnan bilim we terbiýe olaryň geljekki üstünlikleriniň açary bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem bu mukaddes ojagyň ähmiýeti örän ýokarydyr we ol hemişe döwletimiziň üns merkezinde saklanýar.
Ýazan: Annamuradowa Şirin,
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi


