Çagalar bagy, çaganyň durmuşynda ilkinji we möhüm bilim-terbiýe basgançagydyr. Hut şu döwürde çagalaryň pikirleniş ukyby, sözleýişi, jemgyýetçilik endikleri we dünýägaraýşy kem-kemden kemala gelip başlaýar. Şonuň üçin çagalar baglarynda alnyp barylýan terbiýeçilik we okuw işleri geljek nesliň bilimli, ahlakly we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeginde aýgytly orna eýedir.
Häzirki döwürde çagalar baglarynda daşary ýurt dillerini öwretmäge aýratyn üns berilýär. Rus dili çagalar üçin dünýä bilen aragatnaşygy giňeldýän, olaryň söz baýlygyny artdyrýan möhüm bilim ugrudyr. Ir ýaşdan rus dilini öwrenmek çagalaryň eşidiş ukybyny, ýatda saklamak başarnygyny we sözleýiş medeniýetini ösdürýär. Şeýle hem bu dil çagalaryň beýleki dersleri kabul etmek ukybyny hem güýçlendirýär.
Rus dili çagalar baglarynda ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda oýun görnüşinde öwredilýär. Aýdymlar, goşgular, reňkli suratlar, wideo materiallar we sahnalaşdyrylan oýunlar sapaklaryň täsirli geçmegine mümkinçilik berýär. Çagalar täze sözleri we aňlatmalary höwes bilen öwrenýärler, sorag-jogap arkaly öz pikirlerini erkin beýan etmegi öwrenýärler. Bu bolsa olaryň özlerine bolan ynamyny artdyrýar.
Dil öwretmek bilen bir hatarda, çagalar baglarynda ahlak terbiýesine hem uly ähmiýet berilýär. Çagalar terbiýeçileriň göreldesi arkaly edep-ekramy, birek-birege hormat goýmagy, dostlukly bolmagy öwrenýärler. Bilelikde oýnamak, topar bolup işlemek çagalaryň jemgyýetçilik durmuşyna uýgunlaşmagyna kömek edýär.
Şeýle hem çagalar baglarynda çagalaryň beden taýdan sagdyn ösmegi üçin dürli sport oýunlary, hereketli maşklar geçirilýär. Döredijilik sapaklarynda bolsa surat çekmek, el işi bilen meşgullanmak arkaly çagalaryň zehini we hyýaly ösdürilýär. Bu çäreler çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýär.
Çagalar bagynda alnyp barylýan giň gerimli işler çagalaryň mekdebe taýýarlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrýar. Rus dilini ir ýaşdan öwrenen çagalar mekdepde täze dersleri aňsat kabul edip, bilim ýolunda ynamly ädim ädýärler. Şeýlelikde, çagalar bagy çaganyň geljekki üstünlikleriniň berk binýadyna öwrülýär.
Çagalar bagynda berilýän bilim we terbiýe, aýratyn-da rus diliniň öwredilmegi çagalaryň giň dünýägaraýyşly, bilimli we jemgyýete peýdaly şahsyýetler bolup ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa Watanymyzyň geljeginiň ygtybarly ellere ynanylýandygyny görkezýär.
Halbaýewa Gülbahar,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň müdiriniň w.ý.ý


