Çagalaryň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda edýän tagallalarynyň baş maksadydyr. Ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm maksatlarynyň biridir.
Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy we ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz jogapkärçiligini tassyklady.
Häzirki wagtda maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesilleri terbiýelemegiň, bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün edilýär.
Ýurdumyzda döwlet tarapyndan köp çagaly maşgalalara goldaw berilýär. Eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň, bähbitleriniň kanun taýdan goralmagy babatda degişli kanunçylyk namalary hereket edýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça häzirki zaman «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi körpelere bagtyýar durmuşy şertlendirýär. Çünki sagdyn bolmak döwletiň durnukly ösüşiniň zerur şertidir. Ýurdumyzyň bäbekhanalaryna berlen «Çaga hoşniýetli garaýyşly hassahana» diýen dereje Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy. Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy we BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu gurama eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalanyň maddy abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Çagalary goramagyň halkara gününde konsertler, teatr oýunlary, sergiler, bäsleşikler geçirilýär. Olar «Çagalar — biziň geljegimiz» diýen şygar astynda guralýar.
Geljegimiziň diregi bolan çagalaryň röwşen geljegi ugrunda edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, sebit we umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby