Parahatçylyk we asudalyk ynsan durmuşynyň iň uly gymmatlyklarynyň biridir. Parahat ýurtlarda ýaşaýan çagalaryň ýüzündäki şatlyk, olaryň erkin bilim alyp, bagtyýar durmuşda ýaşamagy jemgyýetiň ösüş derejesini görkezýär. Şonuň üçin hem çagalaryň şat gülküsi hemişe parahat durmuşyň iň ajaýyp nyşany hökmünde kabul edilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy we sagdyn ösmegi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil barada edilýän alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde çagalaryň döwrebap şertlerde ýaşamagy, okamagy we dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman çagalar baglary, mekdepler, sport toplumlary we medeni merkezler ýaş nesliň bagtyýar durmuşynyň berk binýadyny düzýär.
Häzirki wagtda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Döredijilik bäsleşikleri, aýdym-saz çäreleri, sport ýaryşlary we dürli medeni çäreler çagalaryň zehinini açmaga uly mümkinçilik döredýär. Şeýle çäreler olaryň özüne bolan ynamyny artdyrýar, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna ýardam edýär. Bagtyýar çagalyk diňe bir şatlykly günler däl, eýsem çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerdir.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek hem ýaş nesli terbiýelemegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Sport bilen meşgullanýan, beden taýdan berk ösýän çagalar geljekde hem ruhubelent, maksada okgunly şahsyýetler bolup ýetişýärler. Şonuň üçin hem häzirki wagtda döwrebap sport meýdançalary, sport mekdepleri we dynç alyş merkezleri giňden gurulýar. Bu işler çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmegine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine şert döredýär.
Parahatçylykly durmuş çagalaryň bagtyýar ýaşamagynyň esasy şertidir. Asuda ýurtda çagalar erkin bilim alýarlar, döredijilik bilen meşgullanýarlar we öz arzuwlaryna tarap ynamly ädim edýärler. Şonuň üçin hem ýurdumyzda parahatçylygy, dost-doganlygy we agzybirligi pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Çagalaryň şat gülküsi hem hut şu asuda durmuşyň, bagtyýar zamananyň iň ajaýyp owazydyr.
Laçyn Hemraýewa,
Türkmenabat şäheriniň 19-njy çagalar bagynyň terbiýeçi-usulýetçisi


