Çaý — özüniň meşhurlygy boýunça suwdan soňra ikinji orny eýeleýär. Emma gök çaýyň peýdasynyň gara çaýdan ýokarydygyna garamazdan 80% girdeji gara çaýdan girýär.
Çaý barada gysgaça faktlar:
Hindistanyň we Hytaýyň halk lukmançylygynda ulanylýar.
Peýdaly mikroelementleri, witaminleri we antioksidantlary saklaýar.
Agramy kadalaşdyrmaga ýardam edýär.
Deriniň, dyrnagyň, saçyň ýagdaýyny gowlaşdyrýar, garrylygy haýalladýar.
Ýokary gan basyşly adamlara içmek maslahat berilmeýär.
Keselleriň öňüni almakda ulanylýar.
Kofein saklaýar we ukusyzlyga getirmegi mümkin.
Günüň dowamynda üç käseden köp içmek maslahat berilmeýär.
Peýdaly täsiri güýçli tebigy antioksidantlar bolan polifenollaryň köp bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Gök çaýyň düzümine bu maddanyň aýratyn görnüşi — katekinler girýär. Öýjüklere zeper ýetirýän, kesellere we bedeniň garramagyna sebäp bolýan erkin radikallary baglaýarlar we ýok edýärler, şeýlelik bilen çişme prosesleriniň öňüni alýarlar. 230ml çaýda 20-45% polifenol bar, olaryň 60-80% -i katehinlerdir.
Polifenollardan başga-da gök çaýyň düzümi:
Witaminler: A we C, B toparyň witaminleri — saçyň, deriniň saglygyny, iýmit siňdiriş, nerw we gan aýlanyş ulgamlarynyň işini goldaýar, gan şekerini kadalaşdyrýar, P — gan damarlaryny güýçlendirýär, F – agyz boşlugynyň saglygyny goldaýar, K witamini — böwrekleriň we madda çalşygynyň işlemegine kömek edýär
Mikroelementler: ftor, kalsiý (1 g çaý ýapragy üçin 5 mg çenli), sink, kaliý (20 mg çenli), mis, demir, magniý (2 mg çenli);
Beýnini herekete getirýän gamma kislotasyny we nerw ulgamyny bejermek üçin zerur bolan glutamik kislotany öz içine alýan 20 görnüşli aminokislotalar;
Gök çaýyň peýdalary:
Gök çaýyň alymlar we lukmanlar tarapyndan subut edilen köp peýdaly häsiýetleri bar. Beýnini herekete getirýär, bedendäki garramagy haýalladýar, agramy kadalaşdyrmaga kömek edýär, rak we 2-nji görnüşli süýji keseliniň döremek ähtimallygyny peseldýär, ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär:
Beýniniň işlemegini kadalaşdyrýar. Bagt gormony dofaminyň konsentrasiýasyny ýokarlandyrýan kofein sebäpli beýniniň işjeňligini höweslendirýär. Şeýle hem nerw ulgamynyň reaksiýalaryny haýalladýan adenozin maddasynyň önümçiligini azaldýar. Bu beýniniň işjeňligine, ýadyna we ünsüne täsir edýär.Çaýdaky kofein derejesi kofe bilen deňeşdirilende pesdir:
gök çaý — bir käse üçin 30-50 mg kofein 230 ml;
gara çaý — 25-110 mg kofein;
adaty kofe — 102-200 mg;
espresso — 240-720 mg.
Bir käse gök çaýda (240 ml) 2,4 kkal bar.
Çaýda kofeinden başga-da, dofamin mukdaryny köpeldýän we beýnini alfa tolkunlaryny döretmäge itergi berýän L-teanin bar. Gözlegleriň netijeleri, L — teanin bilen kofeniň birleşmeginiň beýniniň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, çaýyň täsiriniň kofeniňkiden has ýumşak, has durnukly we uzyn bolýar. Gök çaýyň düzüminde gara çaýa we kofe seredende kofein az mukdarda saklanýar.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby