Hytaýyň Aý gözleginiň “Chang’e-6” gonuş moduly, Queqiao-2 retranslýatorynyň goldawy bilen 1-nji iýunda sagat 22: 23-de UTC Aýyň uzak tarapyna üstünlikli gondy. Bu barada Hytaýyň milli kosmos dolandyryşy (CNSA) habar berdi. Enjamyň gonmagy Günorta polýus basseýniniň Apollon kraterinde bolup geçdi.
Aýyň ýüzünde 48 sagat geçensoň, “Chang’e 6” gury ýer we toprak gazmak üçin robot gol ulanýar. Şeýle hem enjam Aýyň ýüzüni burawlar. Çykarylan nusgalar Ýere eltiler. Bu nusgalaryň ýaşy 4 milliard ýyl. Bäş günlük uçuşdan soň, Chang’e-6 ýeriň atmosferasyna täzeden girer we Hytaýyň demirgazygyndaky Içki Mongoliýanyň Siziwang Banner sebitine gonar. Wezipäniň umumy dowamlylygy 53 gün bolar.
Uçarda “Chang’e 6” barlagy bilen “Changzheng-5” raketasy 3-nji maýda uçuryldy. Alty günden soň, Chang’e 6 Aý orbitasyna üstünlikli ýetdi.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby