Çybynlar, gan sorup gan tapyp, keseli ýaýratmak ajaýyp ukyby sebäpli dünýädäki iň howply haýwanlaryň hataryndadyr. Alymlar topary çybynlaryň infragyzyl kesgitlemekligi ulanyp, tenimiziň ýylylygyny duýup bilýändiklerini anykladylar. Adam derisiniň şol bir temperaturasyna deň bolan çeşmeden infragyzyl şöhlelenme goýberýär we çybynlaryň gözläp biljek sanyny iki esse köpeldýär. Tejribelerinde çybynlar bedeniň ysy we kömürturşy gazyndan (CO2) tapawutlylykda beden ýylylygyna tarap ýola ugrukýar.
Aedes aegypti atly çybyn görnüşi, sary gyzzyrma we başga-da 100 000-den gowrak hadysany döredýän wiruslary ýaýratmak bilen tanalýar. Şeýlede olar Anopheles gambiae atly gyzzyrma sebäp bolýan paraziti ýaýradýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hasaplamalaryna görä, gyzzyrma ýylda 400,000-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolýar.

Alymlar soňky 100 ýylda çybynlar pidasyny nädip tapýandyklaryny kesgitlemek üçin wagt we güýç sarp etdiler. Ýöne muny doly anyklamak üçin bil baglara ýekeje ugur hem ýok ýalydy. Aslynda dürli pikirlerden toplanan daşky gurşaw baradaky maglumatlary dürli kararlary birleşdirdi.
Çybynlaryň görüş ukyby pes bolýar. Ýöne çybynlar derimizden çykýan ýylylygy dört dýuým töweregi aralykdan anyklamak ukybyna eýedirler.Ýylylykdan gelýän energiýa, elektromagnit tolkunlara öwrülende has uzak aralyklara hem gidip biler. Ýylylyk, adatça, ýagtylyk spektriniň infragyzyl (IR) diapazonyndaky tolkunlara öwrülýär. Bu IR tolkunlary düşen ýerini gyzdyryp bilýar.
Çybynlara nädip gözegçilik edip bileris?
Aedes aegypti-de IR-ni anyklamak duýgusynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak üçin barlag topary urkaçy çybynlary kapasa saldy we iki zona goýdylar. Her zonada ynsanlaryň ysy we CO2, adamlaryň dem alýan konsentrasiýasynda bardy. Zonalaryň birinde deriniň temperaturasyndaky çeşmeden IR hem bardy. Geçiriji we konweksiýa arkaly ýylylyk çalşygynyň öňüni almak üçin bir päsgelçilik çeşmäni kameradan aýyrdylar. Soňra topar çybynlaryň näçesiniň gan sormak üçi pida gözläp başlandygyny sanady.
Deriniň şol bir temperaturasy — 93 gradus Farangeýt çeşmesinden termiki IR goşmak, çybylaryň gözleg işini iki esse ýokarlandyrdy. Topar IR ulanmagyň takmynan 2,5 futa çenli täsir edýändigini ýüze çykardy.
Ylmy barlag topary bu ýylylygy duýup biljekdigini kesgitlemekden başga-da, çybynlaryň muny etmek üçin bedeniň haýsy bölegini we biohimiki serişdeleri ulanýandygyny hem anykladylar. Her çybyn antennasynyň ujunda radiasiýa duýgusyna gowy uýgunlaşdyrylan çukur gurluşlary bar. Ol geçiriji we konwektiw ýylylykdan goramak arkaly işleýär. Şeýle hem çybynlar, infragyzyl şöhläni kesgitlemek üçin temperatura datçigi hökmünde işleýän temperatura duýgur belok TR TRPA1 ulanýar.
Döwletgeldi Myradow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby