Dokma senagaty dünýä ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridir. Ol diňe ilatyň gündelik zerurlyklaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine, eksport mümkinçilikleriniň artmagyna we iş orunlarynyň döredilmegine hem möhüm goşant goşýar. Türkmenistanyň dokma senagaty bolsa milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýokary ösüş derejesine eýe bolup gelýär.
Dokma önümleri diňe gündelik durmuşda däl, eýsem beýleki pudaklarda hem giňden ulanylýar. Egin-eşiklerden başlap, öý bezeglerinde, lukmançylyk we oba hojalygynda dürli görnüşli matalar giňden peýdalanylýar. Şeýlelikde, dokma senagaty ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrýan, milli ykdysadyýetiň möhüm sütüni bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek üçin uly işler alnyp barylýar. Täze dokma fabrikleriniň gurlmagy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi we ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy pudagyň ösdürilmegine ýardam berýär. Şeýle hem, öndürilen önümler diňe içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýär we Türkmenistanda öndürilen pagta, ýüpek we beýleki çig mallaryň halkara derejesinde tanalmagyna mümkinçilik döredýär.
Dokma senagatynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Bulut tehnologiýalary, awtomatlaşdyrylan önümçilik liniýalary we innowasion enjamlar önümçilige täzeçe çemeleşmegi üpjün edýär. Şeýle hem, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ornaşdyrmak häzirki döwürde pudagyň möhüm maksadydyr.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk dokma däpleri häzirki zaman senagatynda hem saklanylýar. Milli nagyşly haly, keşde, matalar diňe bir bezeg däl, eýsem halkymyzyň taryhyny we medeni mirasyny dünýä tanadýan gymmatlykdyr.
Dokma senagaty diňe bir ykdysady taýdan däl, sosial taýdan hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu pudakda täze iş orunlary döredilýär, ilatyň zähmet üpjünçiligi ýokarlanýar we daşary ýurt bazarlarynda milli önümlerimiziň abraýy artýar. Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we milli däplerimiziň saklanylmagy geljekde hem Türkmenistanyň dokma senagatynyň durnukly ösüşini üpjün eder.
Şalyýewa Keýik,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby


