Tagamy taýsyz, behişdi şirin – şeker gawun dünýäniň köp ýurtlarynda gadymdan bäri ekilip gelýändir. Onuň medeni görnüşiniň watany Hindistan, Owganystan, Eýran, Orta we Kiçi Aziýadyr. Bu tagamly azyk önümi Orta Aziýada biziň eramyzdan öň hem ekilipdir.
Bu älem içre at alan, azyk önümi bolan gawun biziň sahawatly gadymy topragymyzda hem gadym zamanlardan bäri ekilip gelýär. Bu bakja önümi, esasan, terligine iýilýär. Mundan başga-da, ondan kak, sök edilýär, toşap we mürepbe gaýnadylýar. Tagamy süýji gawunyň düzüminde 14-18 % şeker, 30-45 % askorbin kislotasy, şeýle hem karotin bardyr.
Bakja ekinleriň miweleriniň himiki düzümi esasanam gantlaryň saklanyşy olaryň sort aýratynlygyna, toprak-howa şertlerine, tutulýan ösüş suwlarynyň mukdaryna, dökünleriň aýratyn hem azotly dökünleriň möçberlerine baglylykda üýtgäp durýar. Gök we bakja ekinleriň himiki düzümine dökünler degerli täsirini ýetirýärler. Azotly dökünler artykmaç ýa-da birtaraplaýyn ulanylanda gantlaryň we askorbin kislotasynyň mukdary peselip azotly birleşmeleriň onda-da beloklara degişli bolmadyk görnüşleriniň artmagy bolup geçýär. Fosforly we kalili dökünler gantlaryň hem-de askorbin kislotasynyň mukdaryny köpeldýär. Dökünler toplumlaýyn ulanylanda hemişe-de gök we bakja ekinleriň miweleriniň hil görkezijileri ýokarlanýar. Mis, sink, margens saklaýan mikrodökünleriň dökülmegi hasylyň hil görkezijilerine oňaýly täsir edýär. Bu mikrodökünleriň täsirinde gawunyň miwelerinde gantlaryň saklanyşy ýokarlanýar. Gyzgyn howa we tygşytly suwaryş kadalary gawunda gantlaryň mukdaryny köpeldýär.
Gulnaza Maşaripowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby