Sanly transformasiýanyň iň uly we ilkinji gerekliligi — adaty, gaýtalanýan işleri awtomatlaşdyrmakdyr. Öňki wagtda sagatlap, hatda günläp wagt alýan resminama dolanşygy, hasabatlylyk we maglumat toplamak işleri häzirki wagtda sanly programmalar arkaly sanlyja sekuntda ýerine ýetirilýär. Bu diňe bir wagty tygşytlamak bilen çäklenmän, eýsem adam faktorlary sebäpli ýüze çykýan ýalňyşlyklary (human error) hem minimal derejä indirýär. Netijede, dolandyryş ulgamy has takyk we çalt işleýär.
Maglumatlara esaslanýan karar kabul etmek (Data-Driven ons)
Täze eýýamyň dolandyryşynda “çaklamalar” däl-de, “takyk maglumatlar” işleýär. Sanly transformasiýa kärhanalara uly möçberdäki maglumatlary (Big Data) toplamaga we seljermäge mümkinçilik berýär. Ýolbaşçylar bazaryň islegini, müşderileriň özüni alyp barşyny we işgärleriň öndürijiligini real wagt tertibinde görüp bilýärler. Bu bolsa strategik kararlaryň has ygtybarly bolmagyny üpjün edýär we töwekgelçilikleri öňünden görmäge ýardam edýär.
Bäsdeşlige ukyplylyk we bazar şertlerine uýgunlaşmak
Häzirki zaman ykdysadyýetinde diňe iň çalt uýgunlaşýanlar üstünlik gazanýar. Sanly transformasiýa kärhana täze tehnologiýalary ulanmaga we müşderiniň üýtgeýän isleglerine derrew baha bermäge kömek edýär. Sanly ulgamy bolmaly kärhana, tehnologiýany ulanýan bäsdeşlerinden yza galmaga mahkumdyr. Şonuň üçin hem sanlylaşma – bu diňe bir döwrebaplyk däl, eýsem bazarda saklanyp galmagyň we ösmegiň ýeke-täk ýoludyr.
Resurslary optimallaşdyrmak we çykdajylary azaltmak
Sanly dolandyryş maliýe we adam resurslaryny dogry ulanmaga şert döredýär. Kagyz we beýleki kemsiz çykdajylaryň ortadan aýrylmagy, bulut tehnologiýalary arkaly ofis meýdançalaryna bolan islegiň azalmagy we işgärleriň wagtynyň has netijeli ulanylmagy kärhananyň umumy çykdajylaryny peseldýär. Şeýlelikde, tygşytlanan serişdeler kärhananyň innowasiýalaryna we geljekdäki ösüşine gönükdirilip bilner.
Hallyýewa Aýşöhle
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby


