Şondong-Wetnamda ýerleşýän dünýädäki iň uly gowak.Ol Wetnamyň merkezinde Kuangbin welaýatynda Fongnýa- Kebang milli seýilgähinde ýerleşýär.Ýerli ýaşaýjylara bu gowak 1991-nji ýyldan bäri bellidir, 2009-njy ýylyň aprelinde bu gowaga britan speleologlar topary gabat gelýär.Bu gowakda ýagyş möwsüminde gowagyň käbir böleklerini suwa basdyrýan ýerasty derýa ýerleşýär.
Gözlegler esasynda gowagyň käbir ýerlerinde onuň beýikligi 200 metre, ini 150 metre ýetýändigini görkezdi.Iň giň we beýik geçelgeleri bolan gowak hasaplanýar.Gowagyň umumy göwrümi 38,5 mln/m3 diýip çaklanylýar.Gowagyň käbir oprulan ýerlerinden şöhle girip, agaçlar we ösümlikler ösýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby