Akyl paýyny (IQ dereje) kesgitlemek üçin synaglar hemme ýerde giňden ulanylýar: bu çaganyň potensialyny we akyl ukyplaryny bilmek üçin nusgawy usul. Adaty görkezijileriň 90-dan 109 bal aralygyndadygyny derrew bellemelidiris. Şeýle netije adaty hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, ýer ýüzündäki iň akylly adamlar has täsirli netije bilen öwünip bilerler.
Ýer togalagynda iň ýokary IQ dereje kimiňki?
Iň ýokary IQ dereje Amerikaly Merilin Sawant. Bu aýalyň görkezijileri Ginnesiň rekordlar kitabynda-da bellendi: Merilin dünýädäki iň akylly adam. Bir wagtlar aýal dürli aňtaw synaglaryndan geçip, düýbünden täsirli netijeleri gazandy.Iň ýokary bal 230 bal boldy. IQ derejesi iň ýokary bolan zenan ýazyjy kärini saýlady.
Amerikaly alym Terens Tao. Matematigiň görkezijileri gaty täsirli: IQ derejesi hem 230 bal. Terens gelip çykyşy boýunça Awstraliýaly, ýöne onuň karýerasy ABŞ bilen baglanyşykly bolany üçin şol ýerde ýaşaýar.
Doktorlyk derejesini 25 ýaşynda alandygy bellärliklidir. Bir ýyl öňünden iň abraýly uniwersitetleriň birinde (Kaliforniýa uniwersiteti) mugallymçylyk edip başlady. Terens Tao ýüzlerçe ylmy işleri bar bolan, iň abraýly alymlaryň biridir.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby