Gibraltar Smolewkasy-göräýmäge ýönekeýje güljagaz. Ol uly gunçalary bilen göze ilmeýär. Gülgüne, gyrmyzy reňki ýatladýar. Bäş sany uzaldylan ýürek şekilli gültäç ýapraklary bar. Emma bütin owadanlygy onuň ýönekeýligidir. Ol adamlaryň gözüniň alnynda ösmeýär.Diňe uly daglara dyrmaşyp bilýän alpenistler bu täsin ösümligi görüp bilýärler.
Gibraltar Smolewkasyny dünýä ýüzünden ýok boldy diýip pikir edýärdiler.Ol hakynda diňe onlarça ýyl mundan ozal düşürilen suratlar ýatlatdy. Emma 1994-nji ýylda “üstünlikli” alpenist ýeke-täk galan smolewkany tapypdyr. Botaniklere ol gülüň tohmyny almak başartdy, we olar müňýyllyk tohum çüýşesinde saklanýar. Bu ösümligi ýer ýüzünde saklamak üçin, ony Londonyň Korollygynda we Gibraltar botaniki baglarynda ösdürip ýetişdirýärler.
Bahar Gazakowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mygallymy