Täze Zelandiýanyň Karikari ýarym adasyndan ýerli balykçy 70 km demirgazykda balyk tutup ýörkä, ömründe hiç görmedik balygynyň suwuň üstünde ýüzýändigini gördi. Dury görünýän bu jandaryň janly bedendigini göz öňüne getirmek kyn. Emma şeýle-de bolsa, bu seýrek duş gelýän oňurgasyz jandar — Salpa Majoredir. Söhbetdeşlik wagtynda Stýuart Fraser: «Daşyndan göräýmäge onuň üst ýüzi gaty ýaly duýulýar, emma ol maýyşgak eken. Bu jandaryň içinde mämişi kiçijik damjadan başga hiç zat ýok» diýdi.
Salpa Majore
Salpa Majore jandary hakynda maglumat az,olar diňe salplar ady bilen belli bolup, 30-a golaý görnüşi bar. Olar ýokary konsentrasiýasy
bolan Günorta ummanynyň sowuk suwlarynda ýaşaýan deňiz oňurgasyzlarydyr. Olaryň dury bedeni ýyrtyjylaryň hüjüminden goraýar, sebäbi Salpa Majore duşmanlarynyň köp ýerinde, ýagny suwuň üstünde ýüzýär. Salpa Majore barrel şekilli bolup, suwy dury bedenine siňdirýär.
Salpanyň bedeni dury köýnek bilen örtülen we onuň üsti bilen halkaly myşsalaryň we içegeleriň lentalary şöhle saçýar. Bedeniň ters tarapynda sifonlaryň agzy we dem alşy amala aşyrýan boşluklary bar. Olaryň ýüregi bolsa garyn tarapynda ýerleşendir.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby