Türkmen halky düýedarçylyk bilen gadymdan bäri meşgullanypdyrlar. Olar düýedarçylygyň ähli inçe syrlaryny bilipdirler. Esasan hem düýe süýdüni has peýdaly hasaplapdyrlar. Orta Aziýa halklary düýe süýdüni örän gadymy döwürden bäri iýmit hökmünde ulanyp gelipdirler. Şonuň üçin olar örän kyn tebigy şertlerde hem düýeleri ösdürmegi başarypdyrlar. Düýeleriň süýt önümligi olaryň tohumyna, görnüşine, ýaşyna, iýmitlendirilişine, seredilişine we ýene başga köp şertlere bagly bolýar. Düýeleriň süýt önümliligi boýunça, aýratynam arwana tohumynyňky gara mallaryň ýerli tohumlaryndan ýokarda durýar. Bir gije-gündizde orta hasap bilen 8-litr süýt sagylyp, käbir düýelerde 12-19 litre çenli süýt alypdyr. Baktrianlaryň süýt önümliligi doly sagym wagtynda 870-den 1500 litr aralygy. Iň köp süýt berýän wagty laktasiýanyň 3-nji aýyna düşýär.
Düýe süýdünde belok, ýag we başga ýokumly maddalar köp. Gury maddalaryň mukdary 13-15%-e çenli saklanýar. Gazak baktrianlaryň süýdünde umumy belogyň saklanyşy 4,5% töwereginde bolýar. Dromedarlaryň süýdüniň ortaça ýaglylygy 4-4,5% töwereginde bolýar.
Düýe süýdünde orta hasap bilen 5 % gant saklanýar. B1 B2 we С witaminleri düýäniň süýdünde sygyryňky bilen deňeşdirilende has köp saklanýar. Düýe süýdi ýokary bakteriosid häsiýeti bilen tapawutlanýar, ýagny çalt turşamaýar. +10 С düýe süýdi 3 gün +30 С 24 sagada çenli turşaman saklanyp biýär.
Düýeleriň gymmatly önümleriniň biride olaryň ýüňidir. Düýe ýüňünden edilen geýimleriň ýyllyk saklaýyş derejesi goýun ýüňünden edilen geýimlerden 20 esse ýokary bolýar.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institunyň talyby