Soňky ýyllarda ylmy-tehniki ösüşleriň çaltlaşmagy bilen emeli aň tehnologiýasy oba hojalygynyň dürli ugurlaryna giňden ornaşdyrylýar. Şol ugurlaryň biri hem haýwan seleksiýasydyr. Öňki döwürlerde seleksiýa işi esasan adam zähmetine, uzak ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine we synlaryna daýanýan bolsa, häzirki wagtda bu işde sanly ulgamlaryň ähmiýeti artýar.
Seleksiýaçy näme we kimlere diýilýär?
Oba hojalygy we maldarçylyk baradaky ylmy makalalarda iň köp gabat gelýän adalgalaryň biri “seleksiýaçy” sözüdir. Aslynda “seleksiýa” (seçgi, saýlap almak) sözünden gelip çykýan bu at, ekerançylykda we maldarçylykda iň oňat genetik aýratynlyklary öwrenýän we ösdürýän hünärmenleri aňladýar.
Seleksiýaçy aslynda näme iş edýär?
Seleksiýaçy – haýwanlaryň (ýa-da ösümlikleriň) nesil aýratynlyklaryny, önümçilik derejesini we saglyk ýagdaýyny öwrenip, olaryň iň oňatlaryny saýlap alýan we has kämil täze nesilleri döredýän ylmy hünärmendir.
Seleksiýaçynyň esasy wezipeleri nämelerden ybarat?
Emeli aň we sanly ulgamlaryň hem uly goldaw berýän bu hünäriniň esasy wezipeleri şulardyr:
Öndürijiligi artdyrmak: Sygyrlarda has köp süýt, goýunlarda has köp et ýa-da ýüň berýän mallary saýlap köpeltmek.
Kesellere çydamlylyk: Dürli howa şertlerine we ýokanç kesellere garşy has durnukly, sagdyn mallaryň neslini dowam etdirmek.
Genetiki arassalyk: Mallaryň tohumynyň arassalygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek.
Emeli aň ulgamlary köp mukdarda maglumatlary gysga wagtda seljerip, haýwanlaryň nesil aýratynlyklaryny, öndürijilik derejesini we saglyk ýagdaýyny anyk kesgitläp bilýär. Bu bolsa seleksiýa işiniň has çalt we netijeli alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle hem maglumatlaryň takyk seljerilmegi netijesinde täze we ýokary öndürijilikli nesilleri döretmek ýeňilleşýär.
Häzirki döwürde fermalarda dürli datçikler, kameralar we sanly gözegçilik ulgamlary arkaly haýwanlar barada giňişleýin maglumatlar ýygnalýar. Bu maglumatlar emeli aň tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we seleksiýa işinde peýdalanylýar.
Emeli aňyň seleksiýadaky artykmaçlyklary
Emeli aňyň iň möhüm artykmaçlyklarynyň biri onuň tizligi we takyklygydyr. Ol müňlerçe haýwan barada maglumatlary bir wagtda seljerip, iň oňat nesilleri saýlap görkezmäge ukyplydyr. Şeýle mümkinçilikler seleksiýa işiniň hilini ýokarlandyrýar.
Mysal üçin, süýt öndürýän sygyrlaryň arasynda emeli aň olaryň öndürijiligini, iýmit siňdiriş aýratynlyklaryny we genetiki häsiýetlerini göz öňünde tutup, iň oňatlaryny saýlap bilýär. Şeýle hem et öndürijilikli mallaryň ösüş depginini we saglygyny öňünden çaklamak mümkin bolýar.
Mundan başga-da, emeli aň keselleriň ýüze çykmagyny öňünden duýduryp bilýär. Bu bolsa haýwanlaryň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, seleksiýa diňe öndürijilik däl, eýsem saglyk taýdan hem gowulaşdyrylýar.
Şeýle mümkinçilikler sebäpli häzirki wagtda “akylly fermalar” giňden ýaýrap başlady. Bu fermalarda ähli işler diýen ýaly sanly ulgamlaryň kömegi bilen dolandyrylýar.
Adam seleksiýaçynyň ornunyň ähmiýeti
Emeli aňyň uly mümkinçiliklerine garamazdan, adam seleksiýaçynyň orny henizem möhümdir. Sebäbi seleksiýa işi diňe maglumatlara esaslanman, eýsem tejribe, duýgurlyk we ýerli şertleri bilmek ýaly aýratynlyklary hem talap edýär.
Adam hünärmenleri haýwanlaryň özüni alyp barşyny, daşky görnüşini we ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşygyny giňişleýin seljerip bilýär. Şeýle hem olar garaşylmadyk ýagdaýlarda çalt we dogry karar kabul edip bilýärler. Emeli aň bolsa diňe berlen maglumatlara esaslanýar we käbir ýagdaýlarda çäkli bolup biler.
Mundan başga-da, seleksiýa işinde ahlak we jogapkärçilik meseleleri hem möhüm orun eýeleýär. Haýwanlaryň abadançylygyny üpjün etmek, olaryň saglygyny goramak ýaly meselelerde adam faktory aýratyn ähmiýetlidir. Bu ugurda diňe tehnologiýa bil baglamak ýeterlik däldir.
Şonuň üçin emeli aň adam seleksiýaçynyň ornuny doly tutup bilmeýär, ýöne onuň işini ýeňilleşdirýän we goldaýan güýçli serişde bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde emeli aň bilen seleksiýanyň utgaşdyrylmagy
Häzirki wagtda iň netijeli ýol — emeli aň bilen adam seleksiýaçylarynyň bilelikde işleşmegidir. Emeli aň maglumatlary ýygnap, seljerýär we degişli netijeleri berýär, adam bolsa şol maglumatlara daýanyp soňky karary kabul edýär.
Dünýäniň köp ýurtlarynda bu çemeleşme üstünlikli ulanylýar. Netijede, ýokary öndürijilikli, kesellere çydamly we daşky gurşawa uýgunlaşan täze nesiller döredilýär. Şeýle ösüşler azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Geljekde emeli aň tehnologiýasynyň has-da kämilleşmegi bilen seleksiýa işi has döwrebap görnüşe eýe bolar. Şeýle-de bolsa, adam faktorynyň ähmiýeti saklanyp galar. Sebäbi tehnologiýa bilen tejribäniň birleşmegi iň ýokary netijäni berýär.
Ýazan: Goşjanow Söhbet
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby


