Ösümlikler howadaky we Günüň düzümindäki gazlardan energiýa alyp, daşky gurşawa peýda getirýärler. Kembrij uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlary energiýa almak üçin agaçlaryň ýapraklarynyň nusgasyny döretmek kararyna geldiler we ony almagy başardylar.
Alymlar Günüň we suwuň energiýasyndan ýangyç öndürýän prototip döretdiler diýip, “Nature” žurnalynda habar berilýär. Enjam lotos ýaly suwda ýüzýän «ýaprak» bolup, ol ösümlik ýapraklarynyň wezipesini ýerine ýetirýär, emma peýdaly himiki serişdeleri öndürýär. Gün şöhlesi «ýaprakda» reaksiýa döredýär, netijede suwuk ýangyç üçin komponentler alynýar. Enjam sintez gazy diýlip atlandyrylýan maddalary — wodorod bilen kömürturşy gazynyň garyndysyny öndürýär. Birnäçe önümçilik prosesinde, ýagny uçarlarda we awtoulag dwigatellerinde ýangyç hökmünde ulanylyp bilner. Adaty tehnologiýada, sintez gazy gazylyp alynýan ýangyçlaryň esasynda alynýar, şonuň üçin hem zyňyndylaryň möhüm çeşmesi bolup durýar. Alymlar tarapyndan döredilen «ýapraklar» örän ýeňil we islendik ýere ýerleşdirilip bilner. Şol bir wagtyň özünde, suwaryş kanallaryndan çyglylygyň bugarmagynyň öňüni alyp bilýärler.
Çikagodaky (ABŞ) Illinoýs uniwersitetiniň inženerleri hem uglerody almak üçin emeli ýaprak ýasadylar. Enjam kömürturşy gazyny özüne çekip, membranadan geçirýär we ýangyç döretmek üçin ulanyp boljak uglerodyň monooksidine öwürýär.
Döwran BAÝRAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby