N.I. Lobaçewskiý adyndaky Nižegorod milli barlaglar döwlet uniwersitetiniň (NNGU) Biologiýa we biomedisina institutynyň biohimiýa we biotehnologiýa kafedrasynyň alymlary Phialocephala urugynyň kömelekleriniň täsirli we ygtybarly biodökün üçin esas bolup biljekdigini subut etdiler (Phialocephala fortinii). Ol weresk miweli ekinleriniň (brýusnika, klýukwa, çernika) köklerine berkidilýär we ösümlikleri toprakdaky tebigy fosfor bilen üpjün edýär. Kömelek, toprakdan hojaýyn ösümlikleriň kabul edip bilmeýän ýokumly maddalaryny çekmäge ukyplydyr. Şeýle simbioz gatnaşyk ekinler üçin howpsuz, ýagny ol ýokançlyga sebäp bolmaz. Alymlar klýukwa ösümliginde synag geçirdiler. Olaryň birine kömelek ýerleşdirildi.
Gözegçilikleriň netijesinde, klýukwanyň P. fortinii kömelegi bilen ösdürilip ýetişdirilende, ösüş tizliginiň we biomassanyň hem-de fosforyň toplanmagynyň ýokarlanýandygy ýüze çykdy. Şeýle hem, Lobaçewskiý uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek kömelegiň ösümlige täsiriniň — kömelegiň köke aralaşmagyndan we simbiozyň emele gelmeginden, ösümlik dokumasynda fosforyň toplanyş derejesiniň ýokarlanmagynyň anyk görkezijilerine çenli doly mehanizmini beýan etdiler. Dünýäde fosfat dökünleriniň bolmagy şeýle bir deň derejede däl welin, käwagt olaryň ulanylmagyy peýda getirmeýär. Toprakda fosfatlar metallar bilen baglanyp, ösümlikler üçin elýeterli bolmadyk ballast görnüşe geçýär. Şol bir wagtyň özünde adaty mineral dökünler gaýtadan dikeldip bolmaýan çeşmelerden gazylyp alynýar. Bularyň ählisi, Phialocephalus urugynyň kömeleklerine esaslanýan biologiki dökünleriniň geljekde oba hojalygynda uly ähmiýete eýe boljakdygyny subut edýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.