Gant şugundyry — oba hojalygynda ykdysady taýdan möhüm orny bolan ekinleriň biridir. Ol diňe bir iýmit senagatynyň esasy çig maly bolman, eýsem-de jemgyýetiň gündelik sarp edýän önümleriniň biri bolan şekeriň esasy çeşmesidir. Häzirki wagtda gant şugundyryndan şeker öndürmek işi ýokary derejede awtomatlaşdyrylan we sanly ulgamlara esaslanýan döwrebap tehnologiýalaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmaga, serişde tygşytlamaga we önümçilik wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik döredýär.
Şeker öndürmegiň häzirki zaman tehnologiýasy birnäçe tapgyrdan ybaratdyr. Ilki bilen gant şugundyry ýörite enjamlarda arassalanýar, soňra ezilip, şire görnüşindäki suwuklyk alynýar. Bu şire diffuziýa usuly arkaly çykarylýar, ýagny şugundyr bölejikleri gyzgyn suwda ýuwulyp, içindäki şekeriň eremegi üpjün edilýär. Alnan şire çökündilerden arassalanýar, onuň düzümindäki organiki we mineral maddalar defekasiýa hem-de saturasiýa usullary bilen aýrylýar.
Arassalanan şire soňra gyzdyrylyp, onuň düzümindäki artykmaç suw bug bolup uçurylýar. Netijede, şire goýalyp, şekeriň mukdary köpelýär. Bu tapgyra goýaltma prosesi diýilýär. Goýalan şire soňra kristallaşma tapgyryna geçirilýär. Bu ýerde şeker kristallary emele gelýär. Ondan soň kristallar arassalanýar, guradylýar we ýörite barlaghanalarda hil barlagyndan geçirilýär. Häzirki wagtda bu tapgyrlaryň ählisi awtomat dolandyryş ulgamlary, energiýa tygşytlaýjy enjamlar hem-de sensor gözegçilik tehnologiýalary arkaly amala aşyrylýar.
Döwrebap önümçilikde biohimiki taýdan işjeň filtrleme ulgamlary, nanotehnologiýa esasly arassalaýjy membranalar we ýokary öndürijilikli wirless gözegçilik ulgamlary giňden ulanylýar. Şeýlelikde, öndürilýän şekeriň arassalyk derejesi ýokarlanýar, şeýle-de daşky gurşawa zyýan ýetirmezden ekologik taýdan arassa önüm almak mümkin bolýar.
Gant şugundyryndan şeker öndürmegiň häzirki zaman usullary oba hojalygynda hem-de senagatda innowasion ösüşleriň aýdyň mysalydyr. Bu ulgamda ýokary öndürijilikli enjamlaryň, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň orny uludyr. Döwrebap önümçilik diňe ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, ekologik arassalygy üpjün edýär we önüm hiliniň halkara ülňülere laýyk gelmegine mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň şeker senagatynda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkidýän möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Dursun Narmamedowna,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy



