Gara tüwi reňki ýaly syrly bolup, köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär.Bu tüwi diňe bir tagamy bilen däl, eýsem saglyk üçin peýdalary bilen hem tapawutlanýar. Gara tüwiniň gelip çykan ýeri Aziýa sebitlerine degişlidir. Taryhy maglumatlara görä, gara tüwi gadymy döwürlerde diňe imperatorlar we ýokary derejeli adamlar üçin ösdürilip ýetişdirilipdir. Wagtyň geçmegi bilen, ol dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrap, sagdyn iýmitlenmäge üns berýän adamlaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Gara tüwi, beýleki tüwi görnüşlerinden reňki bilen tapawutlanýar.
Reňkiniň gara bolmagy düzüminde antosian pigmentleriniň bardygy bilen düşündirilýär.Tagamy bir neme süýji bolup beýleki tüwi görnüşlerinden has doýgun tagamlydyr. Düzüminde köp mukdarda belok, witamin we mineral saklanýar. Gara tüwi köp sanly peýdalary bilen tapawutlanyp,gandaky holesteriniň derejesini peseldýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar we gan damarlarynyň işleýşini gowulaşdytýar.
Türkmen oba hojalyk instituty 1-nji ýyl talyby Ataýew Şageldi



