Garaly-Çliwa- prunus –garaly urugynyň bägüller maşgalasyna degişlidir.Gülleri iki jynsly, ýekeleýin ýa-da ýygnanan görnüşinde. Ýapraklaryndan öň emele gelýär ýa-da olar bilen bilelikde. Miwesi –şänikli, etli mezokarpiý.
Öý garalysynyň taryhy öz gözbaşyny gündogar Kawkaz we Kiçi Aziýadan alyp gaýdýar.Çaklamalara görä, garalylar gyzylymtyl –sary süýji alça we turşy, gamaşdyryjy gülgüne terň bilen çaknyşdyrylmagyndan emele gelipdir.Bu günki günde garalynyň biri –birinden reňleri we tagamy boýunça tapawutlanýan ýüzlerçe görnüşi duş gelýär.
Ýabany garaly gamaşdyryjy tagamy bolany üçin aşpezlikde seýrek ulanylýar. Garalynyň iri we süýji sortlary adatça çig görnüşinde ulanylýar.Olary miweli işdaaçarlara, doňdurmalara we beýleki desertlere goşýarlar. Garalydan kişdeleri hem taýýarlaýarlar. Garalynyň turşy we maýda görnüşleri şerbet, mürepbe, marmelad we jem taýýarlamakda ulanylýar. Hytaýda we Ýaponiýada diňe süýji däl, eýsem garalynyň duzlanan we guradylan görnüşleri hem meşhurdyr.
Tagamyna bagly bolmazdan ähli garalylarda köp derejede şeker (saharoza, fruktoza we glýukoza )we kletçatka saklanýar. Garalylarda birnäçe witaminler A we Ç, kalsiý, fosfor, demir we kaliý bar.
Garalynyň güli –Hytaýyň milliligini aňladýan güldir.
Gurbanmyrat Rejepow
Türkmen oba hojalyk institutynyň mygallymy