Garaşsyzlyk halkymyzyň iň beýik we mukaddes gymmatlyklarynyň biridir. Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistan dünýä ýüzünde öz ösüş ýoluny ynamly dowam etdirip, parahatçylyk, dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Baky Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurdumyz halkara giňişliginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň ygtybarly merkezleriniň biri hökmünde giňden tanalýar. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan — Bedew Batly At-Myradyň Mekany” diýlip atlandyrylmagy hem ýurdumyzyň ösüş ýolunyň çuň manyly beýany bolup, halkymyzyň beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýandygyny görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artdy, täze önümçilik kärhanalary gurlup, döwrebap şertler döredildi. Oba hojalygynda, senagatda, bilim we ylym ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ösüş depgininiň ýokarydygyny görkezýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesil üçin giň mümkinçilikleri döretmek we döwrebap şertleri üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu işler bolsa Türkmenistanyň ösüş ýolunyň bedew bady bilen öňe barýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmenistan baky Bitaraplyk syýasatynyň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürýär. Parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň berkarar bolmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýar. Şeýle beýik maksatlar hem 2026-njy ýylyň şygarynda öz beýanyny tapyp, ýurdumyzyň ösüş ýolunyň ruhy mazmunyny açyp görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýoluny has-da berkitýär. Halkymyzyň agzybirligi, zähmetsöýerligi we Watana bolan beýik söýgüsi döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň esasy çeşmesi bolup durýar. Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda täze şäherleriň we obalaryň gurulmagy, medeni we durmuş maksatly desgalaryň açylmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nyşanydyr.
“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan — Bedew Batly At-Myradyň Mekany” diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyl ýurdumyzyň ösüşleriniň täze sahypasyny açýar. Bu ýylyň ruhy halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar, Watanymyzyň kuwwatyny has-da berkitmäge hem-de bagtyýar geljege tarap ynamly öňe gitmäge güýç berýär. Şeýle beýik maksatlaryň ýolunda halkymyz agzybirlik bilen zähmet çekip, Garaşsyz Türkmenistanyň nurana geljegini has-da şöhratlandyrmaga mynasyp goşant goşar.
Mujewirowa Ogulnabat


