Lukman we horlanmak boýunça hünärmen Pawel Isanbaýew gawunyň we garpyzyň haýsynyň oňyn häsiýetleriniň bardygyny aýtdy we haýsy miwäniň has sagdyndygyny kesgitledi.
«Bu önümleriň ikisiniň hem diýen ýaly suwdan ybaratdygyna we kaloriýalarynyň deň derejede pesdigine garamazdan, düzüminiň tapawudy sebäpli saglyga edýän täsiri hem tapawutlanýar. Mysal üçin, gawundaky belok konsentrasiýasy garpyzdan iki esse köp «
-diýip belleýärler.
Hünärmeniň pikiriçe, garpyz has köp ereýän kletçatkany öz içine alýar, bu prebiotik hökmünde aşgazan-içege ulgamynyň işleýşini gowulaşdyrmaga kömek edýär. Gawun С, B6 we K witaminleri köp saklanýar. Garpyz bolsa öz gezeginde A, B1 we B5 witaminlerine hem baýdyr. Gawunyň mineral düzümi has baýdyr. Onuň düzüminde demir, kalsiý, kaliý we mis bardyr. Şonuň üçin gawun süňkleriň dykyzlygy we demir ýetmezçiligi ýagdaýynda has peýdaly bolup biler.
Garpyzyň düzüminde sink we fosfor bar bolup, düzüminde az mukdarda natriý saklaýar, bu erkekler we gipertoniýalylar üçin has gowudyr. «Iki iýmit hem ýürege we gan basyşa oňyn täsir edýär: gawun umumy holesteriniň derejesini düzümindäki kaliý we kletaçkanyň mukdary sebäpli peseldýär, garpyz bolsa antioksidant likopeniň kömegi bilen «erbet holesterini» peseldýär diýip hünärmen belleýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby