Bakjaçylyk ýurdumyzyň ekerançylygynyň esasy pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda bakja ekinleriniň meýdany ýyl-ýyldan artýar. Gawun dünýäniň köp ýurtlarynda gadymdan bäri ekilip gelýändir. Bu bakja önümi, esasan, terligine iýilýär. Mundan başga-da, ondan kak, sök taýýarlanýar, toşap we mürepbe gaýnadylýar. Gawunyň düzüminde 14-18 % şeker, 30-45 % askorbin kislotasy, karotin bardyr.
Ilatymyzy bakja önümleri bilen üpjün etmekde esasy orun gawuna degişlidir. Halkymyz tarapyndan bu ekiniň köpçülikleýin ulanylmagyna onuň iýmitlik ýaramlylygy ýagny, witaminleriň saklanyşy, çalt özleşýän gantlaryň we mineral duzlaryň bolmagydyr. Ýurdumyzda gawuny tebigy ýagdaýda kak etmek hem bolýar. Bu önümde peýdaly kalsiý, kaliý, natriý, magniý, demir, fosfor, kükürt, organiki kislotalar we beýleki elementler bar. Gawunyň çigidinde 23-35 % ýag saklanýar. Ol lukmançylykda hem peýdalanylýar. Gawunyň düzümindäki foli kislotasy az ganlylyk keselini bejermekde ähmiýetli. Ony öýken, ýürek, bagyr, gury agry kesellerini bejermek üçin hem peýdalanylýar. Bulardan başga-da gawunyň adam saglygyna edýän käbir peýdalary bilen tanyş bolalyň:
- C witamine baý bolmak bilen immun ulgamyny güýçlendirýär;
- ýürek-damar ulgamyny gowulandyrýar we ýürek agyry howpuny azaldýar;
- rak keseliniň döremeginiň we ösmeginiň öňüni alýar;
- gan basyşyny peseltmäge ýardam edýär;
- ýürek urgusynyň sazlaşygynyň bozulmalarynyň öňüni alýar;
- düzüminde A witamini, beta-karotini saklamak bilen, gözüň saglygyny goraýar;
- madda çalyşygyny çaltlandyrmak arkaly artykmaç ýaglaryň ýanmagyny goldaýar;
- immun ulgamyny berkidýär;
- deriniň ýagty we sagdyn görünmegini üpjün edýär;
- zyýanly endiklerden ýüz öwürmäge kömek edýär;
- käbir aýratynlyklary böwrek keselini bejermekde kömek edýär;
- bedeniň energiýasyny ýokarlandyrýar
Bulardan başga-da gawunyň düzümindäki A, B we C witaminleri garramagyň hem öňüni alýar.
Şükürow Merdan,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby



