Häzirki wagtda ylym we tehnologiýa adatça käbir zatlary, prosesleri ýa-da wakalary suratlandyrmak üçin edebi, statistiki, kartografiki, aero we kosmos materiallary ulanýar. Geoinformasion sistemalar düşünjesi 1960-njy ýylyň ortalarynda Kanadada döräp Kanada geografiki informasiýa ulgamy (QGIS) diýip atlandyrylýar. Bu ulgamyň esasy maksady Kanadanyň ýer baýlyklaryny hasaba almak we şonuň esasynda ýer baýlyklarynyň şol wagtdaky ýagdaýyny we geljekdäki potensialyny anyklamakdan ybarat bolýar.
QGIS-iň taryhy
GIS-leriň gözbaşlary giňişleýin maglumatlary gaýtadan işlemek üçin maglumat ulgamlaryny gurmaga ilkinji meseleleri we çemeleşmeleri döreden Kanadaly we Şwesiýaly alymlaryň işinlerinden ýer alýar.Kanadadaky işler 1963-1971 ýyllarda R.Tomlinsonyň ýolbaşçylygynda Kanada GIS-ni (CGIS) döretmek bilen baglydyr. CGIS milli ölçegdäki iň uly uniwersal (şol döwürde) sebitleýin GIS mysallaryndan biridir we henizem nusgawy GIS, bolup durýar.
QGIS-iň ösüş taryhy tapgyrlaryny dört sany esasy döwre bölmek bolar. Olar şu aşakdaky tertipde berilýär:
1.Geografiki informasion ulgamynyň emele geliş döwri. Bu 1950-nji ýyllaryň ahyrlaryndan başlap 1970-nji ýyllaryň başlaryna çenli wagtaralygyny öz içine alýar.
2.Döwlet goldaw beriş döwri. Bu 1970-1980-nji ýyllary öz içine alýar.
3.Telekeçilik (kommersiýa) maksatly döwri. Bu 1980-1990-njy ýyllary öz içine alýar.
4.Ulanyjylaryň döwri. Bu 1990-njy ýyldan şu güne çenli aralygy öz içine alýar.
Nazarow Nazar
Türkmen oba hojalyk instituty 3-nji ýyl talyby