Amerikaly alymlar tarapyndan geçirilen hasaplamalar älemgoşaryň XXI asyryň ahyryna asyryň başyna garanyňda ortaça 5 % ýygy-ýygydan peýda boljakdygyny görkezdi. Olaryň sany esasanam subpolýar giňişliklerde we daglyk ýerlerde ep-esli artýar, gurak sebitlerde bolsa tersine azalýar.
Älemgoşar, gün şöhleleri döwülende we howada saklanan suw damjalary bilen şöhlelenende ýüze çykýar. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemegi, atmosferada köp mukdarda suwuň ýygnanmagyna, bulutlylygyň we ýagşyň ýokarlanmagyna getirýär. Şonuň üçin Manoadaky Gawaý uniwersitetiniň geograflary global ýylylygyň artmagy bilen asmanda synlap boljak älemgoşaryň sanynyň köpeljekdigini öňe sürdüler. Olaryň makalasy «Global daşky gurşawyň üýtgemegi» žurnalynda çap edildi. Kamilo Mora we kärdeşleri Flickr-iň iň uly surat ýerleşdirýän ýerinde toplanan maglumatlary ulandylar. Alymlar älemgoşaryň on müňlerçe suratlaryny ýygnadylar we senesi hem-de ýeri boýunça tertiplediler. Ygalyň derejesi, bulut örtügi we günüň gorizontdan ýokary ýerleşişi baradaky arhiw maglumatlar olar bilen baglanyşyklydy. Bu maglumatlara esaslanyp, älemgoşaryň daşky görnüşini çaklamak üçin bir model taýýarlandy. Ahyrynda, planetanyň dürli sebitlerinde geljekdäki howa şertlerini beýan edýän maglumatlar üçin ulanyldy. Iş, asyryň ahyryna älemgoşaryň başyna garanyňda, ortaça 5 % ýygy-ýygydan peýda boljakdygyny görkezdi. Iň uly ösüş howanyň çyglylygynyň has güýçli ösýän sebitlerinde — ilkinji nobatda adalarda, şeýle hem demirgazyk we beýik daglyk ýerlerde gar az ýagýar we ýagşyň ýagmagy öňkülerinden has ýygylaşýar. Beýleki tarapdan bolsa, gurak boljak günorta sebitleriň köpüsinde älemgoşar az bolar. Halkara ylmy barlag toparynyň täze işi geçmişde ýylylyk ýokary bolan wagtynda çölüň köpelmeginiň syryny düşündirdi. Täze işiň awtorlarynyň biri Kimberli Karlson: «Howanyň üýtgemegi, Ýerdäki adam durmuşynyň ähli ugurlaryna düýpli üýtgeşmeler girizýär»- diýip belläp geçýär.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby