Berberi gyzgaby, hytaý gyzgaby ýa-da goji miwesi, berber miwesi ýa-da adaty agaçjymak ösümligi (Lycium barbarum), Itüzümler maşgalasynyň Gyzgap urugynyň bir görnüşidir. Tebigy şertlerde bu ekin Tibetiň, Russiýanyň, Hytaýyň we Gimalaý daglarynyň çäginde duş gelýär. XXI asyryň başynda goji miweleri güýçli bejeriş häsiýetine eýe bolan we islendik kesele garşy durup bilýän ösümlik hökmünde bellendi, adamlary köp sanly yz elementleriniň we antioksidantlaryň bu ekinde jemlenendigine ynandyrýarlar. Bu ekine “gyzyl göwher”, “jennet miwesi” we “uzak ömrüň miwesi” diýilýärdi. Şeýle-de bolsa, alymlaryň geçiren köp sanly gözlegleri bu maglumatlary tassyklamady, şonuň üçin goji suwuny bejeriş hasaplap bolmaz.
Goji miwesi ösümligi takmynan 3,5 metre, täjiniň diametri 6 metre ýetýän ýaprakly gyrymsy agaçdyr. Güýçli kök ulgamy topragyň çuň gatlaklaryna aralaşýar we köp sanly goşmaça kökleri emele getirýär. Sarymtyl ýaprakly asylýan şahalaryň ýüzünde köp inçe tikenleri bar. Bütewi biçilen ýönekeý ýaprak plastinkalary kiçi göwrümli we elliptik görnüşe eýe bolup, ýokarsy ýaşyl reňkde we aşaky bölegi açyk gök reňkde bolýar. Gülleri jaňjagaz şekilli, olar gyrmyzy, gülgüne-goýy ýa-da gyrmyzy-goňur reňkde bolup bilýär. Olaryň mylaýym ysy bar. Miwesiniň uzynlygy 20 mm-e ýetýän kiçijik uzyn görnüşli miwedir, mämişi, gyzyl ýa-da çym-gyzyl reňkde bolup biler. Bu gyrymsy ösümlik üçünji ýylyndan miwe berip başlaýar, ýöne käbir ýagdaýlarda has ir bolýar.
Ýönekeý gyzgaplary tohumlary we wegetatiw görnüşde köpeldip bilersiňiz, ikinji ýagdaýda uzynlygy 10 santimetre ýetýän ýarym agaçly kesikler ulanylýar.
Tohumlaryň stratifikasiýa mätäçligi ýok.
Tohumlary ekmezden ozal, birnäçe sagatlap ýyly suwa saklaýarlar. Tohum ekilende tohumlary toýun we torf bolan çygly toprak garyndysynda bary-ýogy 0,3 sm gömmeli (2: 1). Ekinli gabyň üstüne aýna ýa-da ýukajyk perde bilen örtmeli, soňra ýyly ýerde (20-25 dereje) goýmaly. Toprak garyndysynyň guramagyna ýol berilmeli däldigini, ekinleri otagyň duýdansyz üýtgemeginden goramalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Düzgün bolşy ýaly, ilkinji gögeriş ýarym aýdan soň peýda bolýar. Bu waka bolansoň, ösümlik gowy ýagtylandyrylan ýere göçürilmeli, ýöne göni gün şöhlesinden goramaly.
Gülnur Otyzowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby