«Görogly» eposyny okan okyjy ony başdan-aýak okap çyksa-da, orta asyrlardan häzirki güne çenli
aýdymdyr rowaýat görnüşinde gelip ýeten bu üýtgeşik gahryman barada hekaýatlara ýene ençeme gezek
dolanar.
Adalatly we ugurtapyjy Görogly hakda rowaýat türkmen halkynyň arasynda döräp, ol goňşy halklara-da
ýaýrapdyr. Azerbaýjanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkiýede Görogludyr onuň kyrk ýigidiniň
edermenligi barada şol halklaryň öz nusgalary peýda bolupdyr. Ýöne onuň diňe türkmençesinde
Göroglynyň dogluşy barada rowaýat gabat gelýär. Oňa çagalykdan Röwşen diýip at berselerem, eposda oňa
Görogly diýilýär.
180 ýyl mundan ozal fransuz ýazyjy zenany Žorž Sand batyrgaý, esasy-da adalatly türkmen gahrymany
Göroglynyň täsirine düşüp, ony fransuz dinine terjime edýär. Epos fransuz okyjylaryna ýarapdyr.
2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda «Görogly» eposy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
reprezentatiw sanawyna girizilýär. Türkmenistanlylaryň öz gahrymanyna aýratyn buýsanjynyň sebäbi
Göroglynyň keşbinde türkmen halkynyň milliligi öz beýanyny tapýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby