Ilkinji gezek gowaça 7000 ýyl mundan ozal (b.e. öňki 5 müňýyllyklarda) Indus jülgesinde ýerleşýän siwilizasiýanyň wekilleri tarapynda ösdürilip ýetişdirilip başlady. Indus jülgesinde gowaçanyň öndürilişi ösen dereje bolupdyr, şol wagt ulanylan käbir usullary Hindistanyň häzirki zaman senagatlaşmagyna çenli ulanylypdyr.
Pagta önümleri Meksika aýlagynyň golaýyndaky Teukana gowagynda tapyldy.Gowaça greklere we araplara Aleksandr Makedonskiniň söweşlerinden öň belli bolupdyr. Eýranda gowaçanyň taryhy Ahameniler asyryna geçmişe gidýär. Gowaça Merwda we Pars aýlagyna ýaýradylypdyr.Orta asyrlarda gowaça demirgazyk Ýewropada asyl öndürilişini bilmezden, import elementi hökmünde meşhur bolup başlaýar.
Gowaçanyň öndürilişi Hindistanda XVIII asyryň ahyryna XIX asyryň başynlarynda yzygider pese gaçypdyr.Hindistanda gowaçany tohumyndan arassalamagyň ilkinji gurallary peýda bolup başlaýar.
XX asyryň ortalarynda Orta Aziýanyň respublikalary esasan hem Özbegistan “pagta dänesine” öwrüldi.Özbegistanda 1970-nji ýylyň başyna çenli ulanylýan ýerleriň ählisi diýen ýaly gowaça ekmek üçin ulanylypdyr.
Organiki gowaça-genetiki modifikasiýalara duçar bolmadyk, himiki goşundysyz, pestisidsiz, ekologiki taýdan arassa ýetişdirilen önümdir.Ol Hindistanda, Siriýada, Türkiýede, Hytada we Peruda öndürilipdir.
Gülnur Otyzowa