«WoolAid» kompaniýasy Täze Zelandiýanyň özüniň döreden tebigy plastyrlarynyň
ýaralary has netijeli bejerýändigini we daşky gurşaw üçin hem peýdalydygyny öňe
sürýär. Adaty nebit-himikat düzümli plastyrlardan tapawutlylykda, WoolAid-iň örän
inçe merinos matasy we çyglylygy ýok etmek hem-de dargatmak üçin ýüňli gatlagy
bar. «WoolAid» kompaniýasy, ýüňüň tebigy dem alyş ukybynyň bejeriş prosesine hem
kömek edýändigini, şeýle hem inçe merinosyň derä ýumşaklyk bilen ýapyşýandygyny
we temperaturany tebigy ýagdaýda kadalaşdyrýandygyny subut etdi.
Kompaniýanyň berýän habaryna görä, ulanylandan soň, plastyrlar dört-bäş aýyň içinde dargamaga
ukyply. Häzirki wagtda firmanyn plastyrlary diňe Täze Zelandiýanyň dükanlarynda
elýeterli, emma geljekde kompaniýa ony giňeltmek üçin işjeň zähmet çekýär.
Gülbahar MARATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby