GPS (Global Positioning System) häzirki wagtda oba hojalygynda giňden ulanylýan möhüm tehnologiýalaryň biridir. Bu ulgam arkaly ekin meýdanlarynyň takyk ýerleşişi, ölçegi we ýagdaýy kesgitlenýär. GPS tehnologiýasy oba hojalyk tehnikalarynyň, ýagny traktorlaryň we beýleki enjamlaryň hereketini takyk dolandyrmaga kömek edýär. Şeýle hem dökün sepmegiň, suwaryşyň we beýleki işleriň takyk ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Netijede işiň netijeliligi ýokarlanýar we serişdeler tygşytly ulanylýar.
Uzakdan dolandyrylýan tehnologiýalaryň aýratynlyklary
Uzakdan dolandyrylýan tehnologiýalar ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny uzak aralykdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýalar köplenç emeli hemralar, dronlar we dürli sensorlar arkaly amala aşyrylýar. Olar arkaly topragyň çyglylygy, ösümlikleriň ösüş derejesi, şeýle hem keselleriň ýüze çykmagy barada maglumatlar alynýar. Bu maglumatlar ýörite programmalarda seljerilip, ekinleriň ýagdaýyna baha berilýär.
GPS we uzakdan dolandyrylýan tehnologiýalaryň bilelikde ulanylyşy
GPS we uzakdan dolandyrylýan tehnologiýalaryň bilelikde ulanylmagy oba hojalygynda has netijeli dolandyryş ulgamyny döredýär. Uzakdan dolandyrylýan ulgam ekin meýdanlarynyň ýagdaýy barada maglumat berýär, GPS bolsa şol maglumatlaryň takyk ýerleşýän ýerini görkezýär. Şeýlelikde fermerler meýdanyň haýsy böleginde meseleleriň bardygyny çalt anyklap bilýärler. Bu bolsa ekinlere wagtynda ideg edilmegine mümkinçilik berýär.
Tehnologiýalaryň artykmaçlyklary
GPS we uzakdan dolandyrylýan tehnologiýalaryň ulanylmagy oba hojalygynda birnäçe artykmaçlyklary döredýär. Ilki bilen, ekin meýdanlaryny dolandyrmak has takyk bolýar. Şeýle hem bu tehnologiýalar wagty tygşytlamaga, çykdajylary azaltmaga we hasyllylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da, maglumatlaryň sanly görnüşde saklanmagy dolandyryş işini has ýeňilleşdirýär we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Ýazan: Ibragimowa Dinara
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby


