Grek hozynyň düzüminde sagdyn ýaglar, D witamin, süýüm, natriý, kalsiý, demir, magniý we kaliý baýdyr. Grek hozy-damar ulgamynyň işleýşine oňyn täsir edýär, iýmit ýetmezçiligini aradan aýyrýar, ýatkeşligi ukyny we iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Hoz, holesterine garşy “söweşiji” hökmünde hem bellidir. Circulation žurnalynda çap edilen 2021-nji ýylda geçirilen gözlegde iki ýyllap her gün iki porsiýa grek hozy iýen garrylaryň erbet holesteriniň derejesini howpsuz derejä çenli peseldendigi anyklandy.
«Düzüminde Omega-3 ýag kislotalarynyň we antioksidantlaryny saklaýandygy sebäpli, hoz çişmä garşy täsirleri we oksidleýji stresleri döredýär. Bu, aň-düşünjäniň peselmeginiň töwekgelçiligini ýok edýär ýa-da haýalladýar»
-diýipi hünärmenler belleýärler.
Kalloo her gün hoz iýmäge özüňizi mejbur etmezligi maslahat berdi, diňe belli bir ýerde goýup, günüň dowamynda birnäçe dänäni iýmeli. işdäaçarlara, çörek we krepkaly hamyr, gatyk ýa-da ownuk etlere hoz goşup bilersiňiz. Iýmitleniş hünärmeniniň pikiriçe, günde 25-55 gr iýmek kadaly hasaplanylýar.
Esen Amankulyýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby