Inženerler 100-150 mkm ululykdaky robotlara gün energiýasynyň kömegi bilen işleýän
beýnileri ornaşdyrdylar. Bu innowasiýa bakteriýalary yzarlap bilýän, belli bir himiki
serişdeleri tapyp bilýän, hapalaýjylary ýok edip bilýän, mikrohirurgiki amallary ýerine
ýetirip biljek we arteriýalardan arassalap bilýän enjamlaryň täze nesli üçin esas döredýär.
Ýakynda alymlar köp sanly mikrorobot döretdiler, emma olaryň ählisi hereket üçin togy,
magnit meýdanyny ýa-da lazer hereketini göterýän simler ýaly daşarky enjamlary talap
etdi. Bu täze robot bolsa, özbaşdak işläp bilýän ilkinji enjamdyr. Olaryň beýnisi müň sany
tranzistory, şeýle hem diodlary, rezistorlary we kondensatorlary öz içine alýan goşmaça
metal-oksid-ýarymgeçiriji (CMOS) gurluşdyr. Integrirlenen CMOS zynjyry robotyň ýöreýşini
kesgitleýän birnäçe kwadrat tolkun emele getirýän signal döredýär. Zynjyryň we aýaklaryň
ikisi hem fotogalwaniki elementler bilen işleýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby