Gültahýa — diňe gyz maşgalalar geýýärler. Bu naýbaşy başgabymyzyň mertebesi geýliş düzgüninde hem ýüze çykýar. Gözeller tahýalary saçlaryny iki örüp, öňüne atyp geýýärler. Ene-mamalarymyz ulugyz wagty ýogyn şamar saçlaryny dört örüp, tahýa geýenlerinde, ýürekleri gobsundyryp, ençeme goşgy-gazallaryň döremegine ýol açypdyrlar.
Gültahýalar gupbaly we gupbasyz, şaýly we şaýsyz geýlipdir. Kiçijik gyzjagazlara şaýsyz gupbajyklar oturdylan tahýalar geýdirilipdir. Dokma dokalanda, keşde çekilende gyzgelinler ýönekeýräk kümüş şaýly tahýalar geýipdirler. Toý-märekede, milli baýramlarymyzda geýlen gyz tahýalary etegindäki şaýlary, çekelikleri bilen gözellerimizi has-da gözel görkezipdirler. Gültahýalary saçyňy arkada toplap ýa-da bir örüp geýmek ilimizde oňlanmaýar. Tahýanyň bir tarapyny epläp geýmek asla halanylmaýar. Gyz gelşigi gültahýalaryň sarpasy elmydama belent tutulýar. Ol diňe bir başgap hökmünde däl, eýsem, gyzlyk buýsanjy hökmünde hem ilimizde has arzylanýar.
Toý güni başy gupbaly tahýaly gyzy göreniňde, asmandan hüýr-melekler Zemine düşläp, ynsan keşbine girdimikä diýýärsiň. Toý gününiň ertesi gelne baş salnanda, örüm-örüm saçlaryň serpaý-sylagy ýetirilip, arka atylmak bilen gültahýa möwsüm tamamlanyp, öz ornuny zenan maşgala mahsus başgaplar bilen çalyşýar. Türkmen gözelleriniň çeken keşdeleri — durmuş ýazgylary. Keşdeler — gyzlaryň agras, geçirimli, zähmetsöýer, tutanýerli bolmagynyň gözbaşy. Keşdeler merjen dänesi ýaly lowurdap, milli lybaslarymyzy gelşigine getirýär.
Oguljahan MAŞADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby