Gyzyl kelem saglyga peýdaly bolsa-da, ony köp mukdarda we yzygiderli kabul etmek
bolmaýar. Ol witaminlere we mikroelementlere baý bolup, ýaşululara, çagalara
maslahat berilýär. Onuň düzüminde peýdaly elementlerden retinol, askorbin
kislotasy, witaminleriň topary, demir, magniý, sink, ýod, kalsiý, kaliý, marganes, fosfor
ýaly elementler bar.
Ol mikroblara garşy göreşmekde, bedenden artykmaç suwuklyklary çykarmakda
ulanylýan, immun ulgamyny güýçlenýän güýçli antioksidant hasaplanýar. Şonuň ýalyda, gyzyl kelem üsgülewigi ýeňmekde, gan basyşyny sazlamakda, dokumalary
berkitmekde, zyýanly holesterinleriň, gandaky şekeriň mukdaryny azaltmakda, süýji
keselinde kabul etmek maslahat berilýär. Gyzyl kelemiň şiresi bedeniň saglygyny
goramakda has-da peýdalydyr. Ol ownuk damarlaryň işini sazlaýar. Şeýle-de, fiziki
işjeňlikde, türgenleşikde alnan şikeslerden soňra, kelem şiresi bedeni dikeltmekde
peýdaly melhemdir. Ol häzirki wagtda lukmançylykda, derman senagatynda ýiti
sowuklama kesellerinde netijeli ulanylýar.
Safiýa HAMRAKULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby