Halkara kino güni – bu ajaýyp sungat işgärleriniň we bütin dünýädäki kino söýüjileriniň baýramçylygydyr.
1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Parižde Grand kafede Lumiere doganlaryň kinomatografiýasynyň ilkinji
seansy geçirildi. Hut şu sene Halkara kino gününiň bellenen gününe öwrüldi. Birneme öň, şol 1895-nji ýylda
fransuzlar Awgust we Lui Lumiere oýlap tapan kinemotograf enjamyna patent alýarlar. 1895-nji ýylyň 22-
nji martynda doganlar parižde ilkinji film görkezilişini sahnalaşdyrýarlar. Olar şol wagta çenli diňe
dostlarynyň arasynda “Lumiere zawodyndan işçileriň çykyşy” atly gysga filmi görkezýärler.
Emma kinoteatryň doglan güni, 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Parižde bir kafede, Lumieres dünýädäki
ilkinji gysga metrajly filmi “ La Сiota wokzalyna otlynyň gelmegi” köpçülige hödürlenen mahaly
hasaplanýar. Režissiýorlyk we aktýorlyk usullaryna bolan çemeleşme hil taýdan üýtgedi, kinematografiki
bezegler kemala gelip başlady, çeperçilik özboluşlulygy, şekillendiriş usullarynyň belli bir toplumy emele
geldi.
Häzirki wagtda dünýäde köp dürli film festiwallary geçirilýär: Moskwa halkara film festiwaly, Kan film
festiwaly, Wenesiýa halkara film festiwaly, Berlinale, Lumiere doganlar festiwaly, Oskar we başgalar. Şeýle
hem dünýäniň dürli ýurtlary öz milli kinematografiýa günlerini döretdiler.
Begenç Meretklyçew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy